Post
"Şonda gelnejemem “Söýýädimi ony bilemok. Ýöne bir gezek elimden gelse döşümi ýaryp, ýüregimi alyp seň ýüregiň ýanynda goýardym” diýdi diýip agamyň aýdanlaryny gürrüň berdi." *** Pygamberimiziň:,,Men seni çözüp bolmaýan düwün (kördüğüm) ýaly söýýän, ýa Aýşa!" sözi ýadyma düşdi. *** Näme üçindir milletimizde är-aýallar biri-birge, eje-kakalar çagalaryna ,,Men seni söýýän" diýenokka? Eje-kakalar perzentlerine bu sözi aýtmaýandygy üçin, biz perzentler ulalyp olaryň ýakymly sözlere teşnediklerini bilsek-de aýtmaga utanýas.Onsoň ,,Meniň göwnüm sendedir, Seniň göwnüň düzlerde" hakyky şol-a" diýip bizden öýkeleýärler.
1 jogap
Öýkeleýändirler öýdemok. Ýaşkak hakykatdanam göwnümiz düzde. Ene-ataň gadyry soň bilinýär. Göwnüňe olar seň bilen mydam ýaşap ýörjek ýaly. Olar dile alynýan söýgä mätäç dälmikäler öýdýän. Uzak bir ýerden eglenip gelemde meni görüp ejem çaşypdy. Şeýle derejede ogluňy küýsemek, söýgi diňe ejäň ýüreginde bolup bilýär.
