Post
Men sizden tapawutlylykda on sekiz on dokuzynjy asyryň gűrrüňini edemok. Ereteki hem okamok. Awtoryň gozgayan meselesini göz őňunde tutubam jogap berdim. Awtor name diyyar, siz name diyyarsiniz? Men name diyyan dutarym name diyyar diyipdirler-a . Şony yatladyar bolsunyz. Bagyshlaň, ak sakgaly adam bolsaňyzam jogap bermeli bolyar. Bolmasa bizin zandymyza yashulular uly mekdep diylip guylanam welin.
5 jogap
Häzir men şolar ýaly makala ýazsam 30-40 sahypalyk (iň azyndan) bir zat ýazaryn, olam çeşmeli. Hem-de dürli pikirleri, öňe sürlen teklipleri we çözgütleri, mahlasy hemme zady jemläp ýazardym bir oturamda. Ol bolsa eliniň ugruna bir zatlar çyrşapdyr, ne pikir bar, ne çözgüt bar, ne dogry ýazylyş stili bar, ne okaljak tarapy bar, onam "onda-da paýlaş, goldaýan, berekella, dillere terjime et" diýip ulaldypsyňyz, aýyplaşmaň. Internetde şular ýaly tonlarça (ylmy, çeşmeli, pikirli) makalalar bar, goldanyljak bolsa şolaryň käbirini goldamaly diýip pikir edýärin. Aslynda ol makala üçin şunça düşündirjek däldim welin, siz üçin ýazdym, bir zatlara düşünersiňiz, täzeden seljerip, oýlanarsyňyz diýip.
Şol sebäpli ol makala diňe ýüzleý, ýarym-ýalta türkmençe we pikirler bilen ýazylan zat. Bu makalanyň başga ýerlerde paýlaşylmagynam isläpsiň, hijem "Link", "Imo" ýaly ulgamlarda şeýle zatlaryň paýlaşylmagyny islärsiň diýip pikir etmezdim. Olar ulgammy bir, ýa-da haýwanlaryň gyşyna ýygnalýan mal bazarymy? Şeýlebir bolgusyz, ähmiýetsiz zatlar (we aňyýetler) bar welin, çydamak mümkin däl. Sen şol ýerlerde paýlaş diýeňde oýun edýändir öýtdüm. Men bu agzanyňam köp diýen zadyna goşulamok, emma dogry taraplaram bar. We gyzlaryňam gabat gelýän kynçylyklary bar, ýok diýemok, emma oglanlaryňkam bar (we has köpräk), şol sebäpli aýtdym iki tarapyňam meseleleri ýetik, anyk çözgüt tapmaly diýip.
Bu nämäniň netijesi bilýärmiň? Aýal diňe aýal bolany üçin mamla hasaplanýar häzir, pikir edip bilýäňmi? Hol günjek "aýal diňe aýal bolany üçin mamlamy" atly bir wideo gördüm, ýa-da "aýallar mydama mamlamy" atly makalalar, wideolar bar. Ynanmasaň ýaz şeýdip, görersiň-le. Dünýäniň dowam edip gelýän adatlary, düzgünleri üýtgäp, käbir tebigy düşünjeler, pikirler ýykylyp dur. Gaýta käbir zatlaryň tersine öwrülen döwründe, nädip rahat we galagoply ýaşamasyn adamlar?
Ýa-da jemgyýetçilik ýerlerinde aýal-gyzlaryň hereketlerine seret, men-ä dogrymy aýtsam köçede gygyrşyp, ýa-da biriniň üstüne gygyryp, sögüşip, artykmajy bilen gülüp, ylymsyz-bilimsiz, jahyl-jahyl entäp ýören oglanlardan gyzlary kän görendirin. Şular ýaly rahatlyk barka başga rahatlyk "ulvi" bir rahatlykmy, düşünmedim. Dünýä ýüzüne seredeli, töhmet atylyp basylan, onuň gödekligine jogap berip basylan, diňe aýallaryň "mamla" hasaplanmagyna çydaman janyna kast eden näçe müň erkek bar, habaryň barmy? Aýaly urany üçin polisiýa gidýär "menem ursam men haksyz bolaryn" diýip, polisiýa "erkek bolup utanaňokmy" diýip, diňlänoklaram.
Bägül, ol makala rusça, iňlisçä terjime ediler ýaly içinden pikirlerdir-çözgütler akyp ýatan, 100-150 sahypalyk kitap ýa-da akyl düwünçegi däl. Elbetde käbir zatlary agzapdyr, emma makalany jemleseň bary diýen zady "gyzlaryň sözi diňlenenok", boldy, muny kiçijek çaga hem diýip biler, onuň başga dillere terjime ediljek näme aýratynlygy bar? Şol makala hem internetde "manyly" diýlip paýlaşylýan gysgaçyk, ähmiýetsiz, manysyz sitatalar bara, edil şolar ýaly, aýyplaşma. Häzirki döwri göz öňünde tutsak, gaýta aýal maşgalalaryň mümkinçilikleri erkek adama garaňda has köp. Iň ýönekeý mysaly aljak bolsaň gyzlaryň internet sahypalarynda goýýan sözlerini, sitatalaryny, paýlaşýan maglumatlaryny gör, diýjek bolýanyma düşünersiň.
