...

Höwesjan Hançarow

@hovesjan

dvgg

Bagtyň höwesli improwizasiýasy

Terk edilen teatr... Kim bilýär, bir wagtlar içinde drama, komediýa, tragikomediýa we başga-da birnäçe äheňde ençeme oýunlar oýnalandyr, gülünendir, aglanandyr, söýülendir, halanandyr, ýigrençler dökülendir, sarpalar edilendir... Häzir bolsa sessiz, ähli ýygnan manylary bilen terk edilip, boşap galan... Ony ýönekeý binadan tapawutlandyrýan sungat ruhydy, sungat ruhy bolsa ähli duýgylary bilen oňa durmuş berdi... Ýokarky setirler örän tanyş gerek? Hoş geldiň haçan terk edilen teatra öwrüljegini bilmän, şol güne çenli başaran her pursadynda bagtly bolmak üçin elde…

Bagtyň höwesli improwizasiýasy

Isribe uçran bolçulyk

Ýaradyldyk... Emele geldik... Bar bolduk... Haýsyny saýlasaň hem netijesi birmeňzeş, biz eýýäm bar. Iň esasy mejburlygymyz bolsa, hem jemgyýet hökmünde hemem şahs hökmünde barlygymyzyň üznüksiz dowamaty üçin dyrjaşmaga dowam etmek. Emma bar bolmagyň kynçylygy ýok bolmaga meýili aňsatlaşdyrýar. Ýok bolmaga meýil bizden çykýar, ýagny bir zatlaryň sebäbi netijesinde emele gelýär. Bar bolmaga dowam etmegiň höwesi ýa-da mejburlygy hem biziň ruhy durnuklylygymyz esasynda ýüze çykýar. Hawa, onsoň iň esasysy, bar zadyň başlangyjy bolan barlygymyzyň sebäpkäri ýokarky…

Isribe uçran bolçulyk

Ýag_ylyk; ş/t?

Kelleçanagymyň içindäki synamyň üstündäki öwrümleriň garyşyklygy deýin bidüzgün durmuş hasyrdysyndan gaçyp, bir-iki salym "Kellämi diňläýin, içdäkiň sesini, ahy-nalasyny eşideýin" diýip geldim diýsem belki siz ynanarsyňyz welin özümi aldadygym bolar. Aslynda, şu sahypadaky ähli makalalar "Haçandan bäri ýazamogaý" diýip özümi zorlanymdan soň ýazylan, "Disillusionment"-den galany. Emma bu, içimiň boşlugyndan ýaňa däl öýdýän, aşa dolulygyndan ýaňadyr belki. Men, soňky ýyllarda ýazmakdan uzaklaşdym, hatda okamakdanam, diňlemekdenem, belki-de görmekdenem. Uzaklaşdygymça nätanyşlyga ýakynlaşdym, hem özümiň, hem dünýäniň nätanyş taraplary bilen…

Içimizdäki Diktator

Sen “şuny” “şeýle” et, sebäbi men “şony” “şeýle” isleýärin! Bärde esasy rol mende! Seniň meýilleriň meniň isleglerime görä şekillener. Maňa bu mümkinçiligi iň başda sen berdiň… aňasty hereketleriň bilen. Ýa-da belki bu mümkinçiligi özüm gazandym… “ golasty” hyýallarym bilen. Her näme-de bolsa netije ortada. Sen maňa tabyn! Bir adam islendik bir häsiýetinden ýaňa diňe özüne zeper ýetirýän bolsa, onda muňa – şol adamyň özi rugsat bermedik halatynda – jemgyýet hiç hili nägilelik bildirip bilmez, bildiresi…

BEGEN!

“Bugünler köp ýazamok” diýipdim şu aşaky setirleri birnäçe aý öň ýazmagymyň öň syrasynda. “Bugünler köp okamogam. Diýmek, bugünler ýaşamok ekenim”. Hawa, birden şu oýaryjy pikir peýda boldy hakydamda. Soňra, birden ýaşasym geldi we elime galamy… wi bagyşlaň telefony aldym-da belliklerimi ýazýan duralgama gelip, edil şu setirleri şu wagt ýazyp paýlaşmagy makul bildim. Niçezar öýkeni kislorod bilen dolduryp, özümi “ýaşaýan men” diýen ýalan bilen aldap gezerkäm..? Nämälim. Bu, nyşany nämäniň? Bu, nägileliklerini her pursatda dile getirmekden…

ÝÜK (Ýaşaýyşyň Üýtgemejek Kadasy)

Hawa, dumuş kynçylyklar bilen gurşalan bir ýaryş meýdançasydyr. Her kim ýa bir başgasy bilen ýa-da özi bilen elmydama ýaryş içindedir. Eýsem bolmasa näderdi..? Ýaşabilmezdi…-mikä? Belki, gysga möhletleýin, ýöne müdimi däl. Her bir adamda aram-aram, garaşylmadyk ýagdaýda öz barlygyn görkezip durýan egnimizdäki kynçylyklaryň, başga bir manyda – ýükleriň aslynda mydama hem biziň omuzlarymyzda duranlygynyň, ýöne biz onuň külpetini we ynjalyksyz agyrlygyny aýratyn pursatlarda, ýagny özümizi ruhy we bedeni taýdan ýadaw duýan halatymyzda syzyp bilýändigimize göz ýetiren…