...

Didar Agayew

@bagabat

Ylym, döredijilik we gaýtawul

Takmynan 28-29 ýaşlarymdadym. Ylmy işleriň bäsleşigine gatnaşdym. Temam hukuk nigilizminiň öňüni alyş çäreleri bilen baglydy. Ýaşuly hukukçy, sosiolog, filosof alymlardan, professorlardan ybarat eminler toparynyň öňünde öz ylmy işimi gorap çykyş etmeli boldum. Nutuga başladym... ...welin, oturanlaryň arasynda yzgytsyzrak görünýän bir, sosiologiýa (jemgyýeti öwreniş) ylymlarynyň doktory, professor, ylmy-barlag institutlarynyň birinde bölüm müdiri, gürlemäge goýman, al-petimden aldy: -Sen näme-how, özüň-ä bir agzyndan süýt ysy gitmedik gögele welin, özüňi alyp barşyň edil professor ýaly-la! Kimlere näme öwretjek bolup…

Sungatyň güýji :-)

Waka: Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň aýaklarydy. Işdeş dostum irden işe geldi. Ýüzi salyk. Güp ýaly çişen gözlerinden gijäni çirim etmän ukusyz geçirendigini aňsaň boljak. -Dos, näme boldy? Ýaman ýüzüň salyk-la,-diýsem, ajymtyk ýylgyryp, başyny ýaýkaýar: -Aý, aglajakmy, güljekmi, düşüner ýaly däl... -Hä, näme boldy? -Äý, düýn işden soň oglanlaryň biriniň ogul toýuny gutlamaga gitdik. Sagat onlarda öýe barsam, ejem ýarym-ýaş bolup aglap otyr. “Allajanlarym näme heýhat gopduka?” diýip janym kekirdegime geldi. “Eje, näme boldy?” diýip aljyrasam,…

Sungatyň güýji :-)

Ýazmak hakda birki agyz

Goşgy ýazmaga ymtylýan, ýazýan ýaş ýigitleriň biri öz deň-duşy tarapyndan geçirilen söhbetdeşligiň ýazgysyny elektron poçta salgyma ugradyp, menden şol söhbetdeşlik hakda pikirimi sorady. Menem oňa şu aşakdaky jogaby ýazdym: “..., şunuň ýaly meselelerde maslahat bermäge meniň kän bir tejribäm ýeterlik däl. Sebäbi kärim, hünärim žurnalist bolmansoň, hiç wagtam interwýu meselesi, ony nädip guramaly, nähili soraglar bolmaly, nähili jogaplar almaly, ol interwýu haýsy auditoriýa niýetlenen bolsa şoňa ony nädip gyzykly etmeli we ş.m. zatlar bilen hiç…

Rahatlandyryjyň resepti :-)

Gerekli zatlar: 200 gramlyk bulgur ( ýüzi gülkünç suratly bolsa-da bolýa, bolmasa-da bolýa ); 150 gram süýt ( iň gowus-a sygryňky, bolmasa geçiňki ýa guşuňky bolsa-da bolýa, bolmasa-da bolýa ); Üç düwür gant ( bolsa-ha şekerçiňrikden, bolmasa-da bolmadygyndan bolsa-da bolýa, bolmasa-da bolýa ); 50 gram gaýnag suw ( bolsa-ha çeşmäňki, bolmasa-da bolmadygynyňky bolsa-da, bolmasa-da barybir - bolýa ); Bir çaý çemçe kofe ( bolsa-ha bolýanyndan, bolmasa-da bolmaýanyndanam bolsa bolýa ); 2 sanyjak çowdary kökesi (…

Rahatlandyryjyň resepti :-)

Göwnühoşluk we şübhe

Ýazan zadyňy kesekiň gözi bilen synlajak bolmaga hemişe dyrjaşmak, elmydama özüňe müňkür bolmak, başarýandygyňa, başarandygyňa şübhelenip gezmek – bu-da ýazýan adamy hemme ýalňyşlyklardanam, bärdengaýtmalardanam, täsirlilik gaýasyndan suwjuklyk girdabyna garşy eňaşaklygyna togalanyp gaýtmakdanam...halas edýän panaseýa ( hemme derdiň dermany ) däl. Ýöne şol zatlar her niçigem bolsa, ýazýan adamy, öz “ýazmak zähmetiniň” üstünde üznüksiz işlemäge, adamlaryň pikirine mümkin boldugyndan “özjanjagaz özjanynyň” däl-de, şolaryň nukdaýnazaryndan garap, olaryň edýän bellikleriniň, teklipleriniň arasyndan özi üçin gerekli “zer dänejiklerini” süläp…

Ynsandaky nur

Şahsy ynanjym — adamlaryň her birinde Allatagalanyň nury bar. Şol nuram onuň zehini. Kim agaja jan bitirýär, kim daşa, kim demre, kim bolsa söze jan berýär… Ýazýan adamlardaky şol nur, olaryň kimsinde ýiti bolýar, kimsinde körejik. Edil doglanda öli bolmasa-da, entek gämik Söze nefes (nepes, dem) üfläp, ony ynsan köňlüne, edil mazaly tagt edilip, gaýym sürlen ýere taşlanan tohum deý taşlap, şineledip, gämik ýardyryp, ösdürip, gülledip, gül açdyryp bilmek — bu-da Hakyň bendesine bagyş eden…

Şredingeriň pişigi

Kwant fizikasynda, “Şredingeriň pişiginiň effekti” diýilýän aňlatma bar. Bu näme we onuň “mesgesine” haýsy “mürepbäni” çalyp iýmeli?! :-) Awstriýaly fizik Erwin Şredinger (Şrödinger, Şrýodinger), 1935-nji ýylda şeýle abstrakt hyýaly eksperimenti teklip edýär: “ Pişigi, içinde pişik degip bilmez ýaly edilen dowzahy enjam goýlan polat seýfde ýerleşdireliň. Geýgeriň ölçeýjisine radioaktiw jisimiň dänejigi goýlan. Ol dänejik şeýlebir az welin, bir sagadyň dowamynda diňe ýekeje atom bölünip, dargabam biler, edil şonuň ýaly-da dargamanam biler. Eger-de atom dargasa Geýgeriň…

Pikir alyşmagyň peýdasy

Internetde, dürli edebiýat saýtlaryna agza bolup, olardaky pikir alyşmalara, söhbetdeşliklere içgin gatnaşyp, bahana bilen juda kän zat öwrendim. Şoň üçinem minnetdar. Ýerli-ýerden, düşünýän-düşünmeýän tarapyndan, derekli-dereksiz «kesek oklana-oklana», ýazmagyň üstünde, käte gaharlanyp, käte göwnüm geçip, käte şowly çykan jümlelerden ýaňa başym aýlanyp, käte guwanyp, käte buýsanyp, käte düýbünden elim sowap, ýaman kän işledim. Hasylynam gördüm, görýän, belki, nesip edip ýörse ýene-de görerin. Özümiňkä-hä şeýlebir dergazap zabun, rehim-şepagatsyz seretmäge, illeriňkä-de şeýlebir dözümsiz, geçirimli garamaga endik edindim. Öňki…

Pikir alyşmagyň peýdasy

Ýagşy ýigit / hekaýa

Mekdepde – orta, ýörite, ýokary – tapawudy ýok – mugallymlaň ýadynda köplenç, bir-ä iň ökde, birem iň bezzat galýar. Bu-da gaty berebekgeýdi. Lakamam kändi. Her haýsynyňam öz taryhy bar... ***** Birinji okuw ýylynyň başydy. Okuw otagynda otyrkalar, dekanyň orunbasary – ýaşajyk gelin – täze talyby tanyşdyrmaga getirdi. Daşary ýurtlaň biriniň diplomatynyň ogly eken. Jyrk-sary pyýada. Familiýasyny aýtdy-da, mugallyma onam öz aralaryna kabul etmegi tabşyryp, gitdi. Bü erigiň kişdesi kibi sap-sary ýigidem, öz reňkdeşi gözüne beýlekilerden…

Derman / hekaýa

Ilkinji kitaby neşir edildi. Otlanlaryny hasaba almaňda 20 ýylyň zähmeti. Owal-a ýazmak – dert. Okalmagy ondanam beter. Indem munça ýyllyk yhlasy wysal bolansoň, egsilmekden geçen, derdi goşalandy: “okalarmy, okalmazmy...”. Beýleki tarapdanam begenjinden ýaňa içini it ýyrtýar. Daşyndan jinnekçe syr bermezlige çalyşýar. Irräkden endik edilen “öz şatlygyňy özüň zäherlemek” edähetini aýagaldygyna “işledýär” ( çünki, nijema gördi: bagtly adam akmak görünýär ). Şeýdibem ýüzüni, şobir “şortumşuk režimde” saklamaga dyrjaşyp, şunça jan çekýär. Emma, barybir, gursagynda giden heýjaneleklik.…