...

Brave Hoja

@Bravehoja

Pikirler adam bolmaga iterýär...

Okuwçylaryma temadan daşary Magtymgulynyñ goşgularyny ýatladýan. Ine bir gün birnäçe okuwçy goşgy aýdanynda sakynyp, ýalñyşyp aýtdylar. Okuwçylaryñ arasynda goşgyny labyzly aýtmagy başarýan biri bardy. Onsoñ şol birden synpdaşlaryna gahary gelip öz pikirlerini aýtdy. "Mugallym, Magtymgulynyñ goşgularyny beýdip aýtjak bolsalar aýtdyrmaly-la. Beýik şahyrymyz bar yhlasyny siñdirip, gör nähili ajaýyp goşgulary ýazypdyr. Biz bolsa dogry-dürs aýtmagam başaramzok. Magtymgulynyñ nebir ajaýyp goşgularyny bulap otyrys". Okuwçynyñ aydany bir tarapdan gaty dogrudy. Ýöne şol ýerde okuwça şeyle jogap berdim: "…

Iñ ýakyn we wepaly dostumyz/ ýa-da iñ ýakyn dostuñyza erbetlikleri rowa görersiñizmi?

Biziñ iñ wepaly hakyky dostumyz bar diýeliñ. Hatda "Diýeliñ" diýip diñe oý-hyýalymyza getirmäliñ. Ol aslynda hakykatdan hem bar. Ene-ata, Watan, kitap...ýaly dostlar kelläñize gelmegi mümkin, olaryñam aýratyn orny bar, ýöne meniñ diýýänim başgaça. Ol ene-atadanam, kitapdanam, deñ-duş dostlaryñdanam has ýakyn dost. Ol bir derde duçar bolsañ, ene-atañdanam beýleki dostlaryñdanam öñ derdiñi duýýan, hiçkim saña düşünmedik wagty saña düşünýän, elmydama seni goldaýan, nähili ýagdaý bolsa-da seni terk etmeýän dost. Heý şeýle-de dost bolarmy diýip ylalaşyp bilmeýän…

Iñ ýakyn we wepaly dostumyz/ ýa-da iñ ýakyn dostuñyza erbetlikleri rowa görersiñizmi?

Biz nädereje adalatly?!

Adalatyñ nämedigini bilmeýän ýok bolsa gerek. "Adalatsyzlyk" diyip zeyrenip görmedigem az-azdyr diýip oýlaýan. Ýöne näme üçindir biz adalatyñ doly manysyna düşünmeýän yaly. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde "Adalat" - "Birine ýa-da bir zada bolan dogry, hakyky garaýyş, hakykat"/ "Adalatsyzlyk - "Adalata garşy bolmaklyk, hakykata dogry gelmezlik" diýip düşündiriş berlipdir. Bu düşündirişi giňeldip, biz Adalatsyzlyga "Bir kişiniñ mynasyp bolan zadyny, hakyna, paýyna düşýän zadyny bermezlik ýa-da oña garşy laýyk däl hereketleri etmek..." umuman şular ýaly düşündirişleri berip…