Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

İşçi

8-nji Mart

3 minut alar

– Aýgül gyzym, Aýgüüüül. Hany tur gyzym. Akyla şu. Bol tur çaltrak. Bar jigiň Röwşenem turuz. Bola irräkden mekdebiňe gidip 8-nji Mart sowgadyňy alyp geleli!

“Aýgül 8-nji Mart sowgady” sözüni eşideninden derrew gözlerini açdy. “Näme sowgat bererlerkä? Gowja Barbie gurjak berseler kem däl. Aşgabatdaky Nabat daýzamyň gyzyndaky ýaly bolaýsadagy, enaýyja, sary saçly gurjak” diýip hyýalyna getirdi-de jigsi Röwşeni oýarmaga gitdi;

– Gyw Röwşennnn! Bol tur çaltjak. Bu gün 7-nji Mart, ejem bilen mekdebe gitmeli biz sowgat almaga!

– Sowgat diýdiňmi? Nämäň sowgadymyşyn ol?

– Bilemok ýöne gowy sowgatdygyna bilýän!

– Maňa-da bererlermikä?

– Ýok wiýý. Sen näme gyzmy? Diňe gyzlara berilýärmiş sowgat.

Röwşen içinden “Näme üçin gyz bolup dogulmadymkaraý?” diýip elini ýüzüni ýuwmaga gitdi.

Her gün irdenki tertip boýunça maşgala agzalary ertirlik edinip işlerine gitmäge taýynlandylar. Olaryň kakasy Mämmet işe gitmänkä Röwşen ýanyna gelip;

– Kaka kaka, hany maňa sowgat ýokmy bu gün?

– Sowgat? Nämäň sowgady?

– Bilemok. Aýgüle näme üçin berýän bolsalar maňa-da bersinler!

– Hahaha bor oglum bolýa, men häkimlige gidip seniň arzyňy olara aýdaryn. Onsoň saňa-da sowgat bererler.

Çagalar ejeleri bilen bileje mekdebe gitdiler. Röwşen klasyna girip görse mugallymlary gyzlaryň hemmesiniň ene atasyna konwert paýlap dur. Klasyň gyzlary gaty şadyýan, oglanjyklar bolsa gözlerini tegeläp aglaýjak bolýarlar. Belki hemmesiniň kellesinde birmeňzeş pikir aýlanyp durandyr. “Näme üçin gyz bolup dogulmadyk?”.

Ertir baýramçylyk bolany üçin mekdepdäki okuwçylar irräk boşadyldy. Aýgül, Röwşen we ejeleri Aýna gelneje mekdepden çykyp bazara tarap ugradylar. Bazarda oýunjak dükanyna girdiler. Aýgüliň gözi gurjaklarda, Röwşeniň gözleri bolsa maşynlarda welin gynansak-da Röwşenjan saňa bu gün sowgat ýok.

Aýgüle edil isleýşi ýaly bolmasa-da göwnüne ýaran gurjagy alyndy. Ine bir seretseler bir gyrada Röwşen tossarylyp aglaýjak bolup dur. Bular basdaş bolansoň Aýgülem jigsiniň içini ýakaýyn diýip gurjagyny güjeňleýär. Röwşen “Sen häzir öýe bar edişime seret” diýip içinden gyz dogany bilen nähili prýomlar ulanyp uruşmalydygy barada pikirlenýär.

Bular bazardan öýe girenlerem şol welin birdan Röwşen möňňürip aglap başlady. Ejesi oňa “Wiýýý toba, erkek bolup aglamaga utanaňokmy?” diýse bu beter aglap başlady. Sakla-da saklap bilseň.

Ol öýlerinden çykyp goňşusy hem dosty Kemalyň öýlerine tarap çykdy welin derwezäniň ýanyna ýetende Kemal bilen gabatlaşdy. Gözlerine seretseňä Kemal hem aglan bolmaga çemeli. Bular bir birine dertlerini aýdyp başladylar;

– Näme boldy dost?

– Hiç zadam bolanogeý. Saňa näme boldy?

– Maňa-da hiç zat bolanok.

– Goýsaneý, aglapsyňa. Gözleriň aýdyp dura!

– Waý seňkilerem meniňkiden üýtgeşik däl!

Bular bir birini köşeşdirmegiň ýerine basalaşyp başladylar. Näme ikisem gaharly, ikisem ýaraly çagalar. Goňşylary Atageldi warryk bulara haý küş etmedik bolsa bir sagatlap uruşjak bular. Uruş gutaransoň üst başlaryny kakyp öýlerine tarap girip gitdiler. Röwşen öýe gelende ejesi muny görüp ol hem biraz urdy jalbarynyň ýyrtygyny görüp. Bu gün Röwşen üçin gaty kyn gün. Oňa hiç kim düşünenok hiç kim!!! Oňa diňe biri düşünýär emma gürläp bilenok. Ol hem “Tuzik”. Çaga Tuzigiň ýanyna oturyp derdini gürrüň berip başlady welin janawer düşünýän ýaly sesini çykarman diňläp otyr. Oňa çenli Aýgül elinde süňki görkezip Tuzigi çagyrdy welin ýerinden turup süýji süňke tarap ylgady. Röwşen bu gezek Tuzikdenem gaty gördi-de öýe girip telewizory açdy. Seretse hemme kanalda “Zenanlar güni” mynasybetli peredaçalar…

Oguljygyna nebsi agyran Aýna gelneje ýoldaşyna jaň edip ýagdaýy gürrüň berdi. Entegem agşam kakasy işden gelende sowgat diýip oýunjak maşyn getiräýdi, ýogsa bu gün Röwşenden ýaňa hiç kime gün ýok. Maşyny alyp biraz hem bolsa köşeşdi çaga. Näme çaga akly-da, maşynyny görkezjek diýip ilki bilen günortan urşan dosty Kemalyň ýanyna ylgady. 

Öýüň beýleki agzalary Röwşeniň bu günki hereketlerini ýatlap hem gynandylar hem güldiler….

Çyndanam näme üçin bize sowgat bermediňiz?)))

253 |
|