3 minut alar
8-nji Mart
– Aýgül gyzym, Aýgüüüül. Hany tur gyzym. Akyla şu. Bol tur çaltrak. Bar jigiň Röwşenem turuz. Bola irräkden mekdebiňe gidip 8-nji Mart sowgadyňy alyp geleli! “Aýgül 8-nji Mart sowgady” sözüni eşideninden derrew gözlerini açdy. “Näme sowgat bererlerkä? Gowja Barbie gurjak berseler kem däl. Aşgabatdaky Nabat daýzamyň gyzyndaky ýaly bolaýsadagy, enaýyja, sary saçly gurjak” diýip hyýalyna getirdi-de jigsi Röwşeni oýarmaga gitdi; – Gyw Röwşennnn! Bol tur çaltjak. Bu gün 7-nji Mart, ejem bilen mekdebe gitmeli biz…