0-njy ýanwarda dogulmak; 31-nji fewralda aradan çykmak;
3 minut alar
0-njy mart, 0-njy ýanwar, 30-njy fewral we 31-nji fewral. Bular taryhdaky günler. Emma nädip beýle?
Taryhdaky täsin günler sözüni ilkinji gezek eşideniňizde, bellenilýän geň günler hakda pikir edip bilersiňiz. Ýöne aýtjak zadym, ozal bar bolan, ýöne, indi ýitip giden ýa-da onuň barlygyndan bihabar günlerimiz barada.
Mysal üçin, 0-njy ýanwar we 0-njy mart diýilýän güni eşitdiňizmi? 30-njy fewral ýa-da 31-nji fewral hakynda eşitdiňizmi?
Käbir ýurtlar bu seneleri taryhda dürli sebäplere görä ulandylar. Onda näme üçin soň ýitdiler? Mysal üçin, näme üçin häzirki wagtda 31-nji fewral güni ýok? Olaryň hersiniň başga sebäbi bar ...
Düşündirişi ilki fewral aýyndan başlalyň. Adatça fewral aýynyň 28 gündigini we her 4 ýyldan bir gezek 29 gün bolýandygyny bilýäris. Şeýle-de bolsa, taryhda bir wagtlar 30-njy fewral we 31-nji fewral bolupdyr.
30-njy fewral gününi Şwesiýa we Finlýandiýa ulanypdylar. Senenamany tertiplemek maksady bilen 30-njy fewraly kabul etdiler.
Günbatar ýurtlary miladydan öňki 46-njy ýylda Julius Sezar tarapyndan kabul edilen Julian senenamasyny 16-njy asyra çenli ulandy. Emma, Julian senenamasyndaky kiçi ýalňyşlyk ýüze çykarylany sebäpli, Günbatar ýurtlary 13-nji Rim Papasynyň döreden komissiýasy tarapandan taýýarlanan Gregorian senenamasyna (milady senenamasy) geçdiler.
Beýleki tarapdan Şwesiýa we Finlýandiýa (Finlýandiýa şol wagt Şwesiýanyň çägine girýän sebitdi), Julian senenamasyny 1700-nji ýyldan başlamagy we Gregorian senenamasyna geçmegi bolsa, öňdäki kyrk ýylyň içinde amala aşyrmagy meýilleşdirdi. Emma Şwesiýa üçin 1700-nji ýyla derek 1704-nji we 1708-nji ýyl boldy. Bu ýagdaý, Şwesiýa senenamasynyň Julian senenamasy bilen deňeşdirilende 10 gün yza galmagyna sebäp boldy.
Bu bulaşyklygy aýyrmak üçin 1712-nji ýylda iki gün senenama goşuldy Şeýlelikde, 30-njy fewralda ýüze çykdy. Şwesiýa Gregorian senenamasyna geçmegi 1753-nji ýylda tamamlady.
Şeýle-de bolsa, 30-njy fewraly gün hökmünde kabul eden diňe şwesiýalylar däldi. Bir wagtlar ähli aýlary deň hasaplaýan Sowet Soýuzy hem 30-njy fewraly gün hökmünde ulanýardy.
Sowet Soýuzynda 1929-1932-nji ýyllar aralygyndaky aýlaryň hemmesi 30 gündi. Mundan başga-da, galan bäş-alty gün hiç bir aýa degişli däldi we dynç alyş güni hasaplanýardy. Şeýlelik bilen Sowet Soýuzy 1930-njy we 1931-nji ýyllarda 30-njy fewralyny ulandy. Emma bu ynkylap senenamasy, 1932-nji ýylda gaýtadan öňki kadaly ýagdaýyna geldi.
30-njy fewral, azajyk hem bolsa düşünip biljek günümiz. Ýöne 31-nji fewrala degişli bolan täsin zat, bu, diňe bir aýalyň mazar daşyna ýazylmagydy.
Gregorian senenamasynyň hyýaly güni bolan 31-nji fewral, Kristiana Haag atly aýalyň mazar daşyna ýazylmagydy. Mundan başga, hiç bir çeşmede 31-nji fewral hakda maglumat ýok.
Onda size bir aýyň 0-njy güni hakynda aýdylsa näme pikir edersiňiz? Geň görýäňiz, şeýle dälmi? Mysal üçin, taryhyň täsin seneleriniň arasynda 0-njy ýanwar we 0-njy mart diýilýän iki aýry gün hem bar.
Bulardan 0-njy ýanwary 31-nji dekabra alternatiw at diýip pikir edip bileris.
Mysal üçin, sanly ulgamda wagty ýazmaga mümkinçilik berýän döwür 1900-nji ýylyň 0-njy ýanwaryndan başlaýar. Şeýle hem, 0-njy ýanwarda asman jisimleriniň şol pursatdaky hereketlerini takyk hasaplamak üçin ulanylandygyny hem belläliň
0-njy mart hem 0-njy ýanwar ýaly hyýaly sene. Käwagt astronomlar fewral aýynyň soňky güni bilen manydaş 0-njy marty ulanýarlar.