Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

YNSANPERWER SYÝASATYŇ DABARALANMAGY

2 minut alar

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen ýurdumyz okgunly ösüşlere beslenip,  barha öňe barýar. Halkymyz Watana bolan buýsançly söýgüsi, hyjuwly yhlasy, joşguny bilen öz goşandyny goşup, halal zähmetiň hözirini görüp, bagtyýar ýaşaýarlar. Çünki biziň ýurdumyzda raýatlarymyzyň parahat, asuda we döredijilikli ýaşamagy üçin ähli amatly şertler döredilýär.
Ynsanperwer hyzmatdaşlyk hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk ulgamlaýyn häsiýetli ynsanperwer meseleleri çözmekde möhüm orny eýeleýändigi bilen aýratyn öňe çykýar. Munuň aýdyň mysallaryny, hususan-da, migrasiýa degişli meseleleriň netijeli çözülmeginde, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginde göz ýetirmek bolýar.
Milli kanunçylygyň halkara kadalary bilen laýyk getirilmegi we olaryň yzygiderli berjaý edilmegi raýatsyzlygy bolan adamlaryň sanynyň azalmagyna ýardam edýär. «Migrasiýa hakynda» we «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan we haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bolmadyk adamlar raýatlygy bolmadyk diýlip, hasap edilýär.
Türkmenistanyň raýatsyzlygy azaltmak boýunça alyp barýan işleri abadançylygy ýola goýmagyň ygtybarly usuly hasaplanýar we ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan daşary syýasatyny dabaralandyrýar. Ýurdumyz sebitde ilkinjileriň hatarynda, bu meselä örän uly üns berip başlady. Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky meseleleriň çözülmegine halkara tagallalaryň birleşmegi zerur bolup durýar we bu ugurda ýurdumyz halkara guramalary, hususan-da, Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Ýurdumyz sebitde ilkinjileriň biri bolup, halkara tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýän bosgunlaryň işi we raýatsyzlygy aradan aýyrmak bilen bagly meseleleriň çözülmeginde işjeň ynsanperwer syýasaty alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň esasy resminamalaryna – «Bosgunlaryň derejesi hakynda» Konwensiýa hem-de onuň Teswirnamasyna, «Apatridleriň derejesi hakynda», «Raýatsyzlygy azaltmak hakynda» Konwensiýalara goşulmak bilen, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasaty dünýäde barha dabaralanýar. Raýatlaryň müňlerçesine Türkmenistanyň raýatlygy berilýär. Ynsanperwer syýasatyň hukuk esasy kämilleşdirilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän Kanunlaryň birnäçesi kabul edilýär.
Ýurdumyzyň bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen bagly meselelerde işjeň orun tutmagy netijesinde, soňky ýyllarda müňlerçe adama Türkmenistanyň raýatlygy berilýär. Munuň özi, ýurdumyzyň halkara hukugyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezip, migrasiýa syýasatynyň meselelerini çözmegiň ýolunda netijeli ädime öwrülýär.
Ýaşlara nusgalyk görelde bolup, belent maksatlara ruhlandyrýan we Watanymyzyň şöhratly geljegini dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun !

 

Nejepmyrat BERDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň
Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.

3 |