Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ylham

14 minut alar

Ylham 

(hekaýa)

Soňky döwürler onuň hiç ynjalygy ýok. Näme bolýanyny aýdar diýen umyt bilen ýygy – ýygydan bolmasa-da, eslije wagtlap aýna seretmegi çykardy. “Gözüňe – başyňa döneýin, dillen ahyryn” diýip, ol süňklek çekgelerini sypaýar, ýöne nähilidir bir gorky bilen sypaýar. Onuň hanasyndan çykaýjak bolýan gözlerinden çen tutup, bu gorkynyň gitdigiçe artýandygyny duýmak mümkin. “Beýtme ahyryn, beýder ýaly meniň ýazygym näme?” diýen wagtynda gartaşan bolsa-da, entek güýç – gurbatynyň ýerindedigi agajet göwresinden bildirip duran erkek adam müzzerjek boldy. Aýnadaky nebsagrynç keşbiň özüne hiç hili kömek edibilmejekdigine düşünensoň, umytsyzlyk bilen dem aldy. Göwnüne töwerekdäki zatlaryň haýsy hem bolsa biri yzyndan “Görüberýäs-dä” diýip gygyrdy. Soňky döwürler nirä ýöreýänini bilmän ýören bu adama Sähet diýýärdiler, onuň doly ady bolsa Sähetmyratdy. Birtopar talantynyň bardygyna seretmezden, ol özüniň baha berşi ýaly, iň gadyry bilinmeýän işi saýlap aldy. “Söwda edersiň” diýlip berlen pullara sowgat aldy, iýip – içdi, göwün solpusyndan çykdy. “Jaý gur” diýlip berlen ýeri satdy, “Dost tutun” diýlip tanyşdyrylan adamlar bilen sögüşdi. Bularyňam üstesine kakasynyň janyndan syzdyryp “Adam bol” diýen nesihatyny gulagynyň deňinden geçirdi. Haçan-da, onuň gulagynyň deňinden geçip, eýýäm gapydan çykyp barýan nesihaty yzyna dolaga-da, ikinji gezek gaýtalajak bolanlarynda, ol örän parahat ýagdaýda “Ýazyjy boljak” diýdi. Ol bu sözlemi şeýlebir parahat aýtdy welin, iki eli sandyr – sandyr edýän kakasynyň kellesinde harasat gopdy. Bular ýaly parahat sözlemler, öläýse-de, kararyny üýtgetmejek adamlardan çykýandyr. Şonuň üçinem bular ýaly parahat sözlem bilen göreşip biljek gümanaň ýokdur. Diňe üzlem – saplam “O nähili, o nä beýle?” diýip samyrdaýmasaň. Aý, olam nesibe işi. Nesibe bolmasa, Sähetmyradyň kakasy ýaly bir sözem aýdybilmän, aňka – taňka bolup duraýmaly. Şeýlelikde, ol özündäki ähli talanty agladyp, örän parahat ýagdaýda ýazyjylyk dünýäsine aralaşdy. Ýazyjylygyň iň ajaýyp döwri ýaňy ýazmaga başlan döwrüň bolýar. Sebäbi şo döwürler arzuw etmeýän zadyň ýok. Belent – belent daglar saňa, çemenlikdäki baglar saňa, hoş owazly bilbiller saňa, gökdäki Aýdyr ýyldyzlar saňa, garaz, dünýä döräp, adamzada näme degişli bolsa, hemmesi seniňki ýaly bolup durýar. Towlanyp – towlanyp akýan derýany suratlandyryp, adamlara şonuň üstünden köpri gurduraýjak bolýarsyň, başy dumanly daglary boýun egdirip, ruhuň belentligini görkezäýjek bolýarsyň, näzikden näzik zenanlary söýüp, ömür jogaby tapylmadyk soraglara-da jogap tapaýjak bolýarsyň. Özem sen, hut sen, şu soraglary çözübiläýjek ýaly, diňe seniň galamyňdan çykan setirleri adamlar kabul edäýjek ýaly galýansyň bir azara. “Derrewräk ýazaýyn, basymrak ýazaýyn, ine, häzir ýazaýyn, hökman ýazaryn-la, ine, ýazýan-a” Ol ilkinji gezek şeýleräk pikirler bilen ýazan kagyzlaryny eline alanda, üstünden gaýnag suw guýlana dönüpdi. Şunça işdämenlik bilen okasa-da, ýazan zatlary göwnündäkisiniň birinem beýan edenokdy. Olar edil şeker atylyp bişirilen nahar ýaly alasarmyk duýgyny oýarýardy. Şu giden samahyllynyň käbir ýerlerinde ýazyjy görgüliniň okyjyda şok döretmeli setirleri eseriň süňňi bilen garyşman, myhman alnan ýat adamlar ýaly saýlanyp durdular.  Ol şonda: “Eý, hudaý-eý” diýip, ysgyny giden göwresini oturgyja atypdy. “Ýazyjy bolmak kyn ekeni” diýen pikir wagty bilen kellesinden çykmandy. Şarlap ýatan bulaklar, başy dumanly daglar, näzik zenanlar – onuň bir – birden göz öňünden geçipdi. Ol indi – indiler ýazan kagyzlaryny demini goýbermän, täzeden okaýşyny ýatlanda kinaýaly ýylgyran bolýar. Şo wagt-a aýak üstünde-de zordan durupdy. Ýazan zatlary okadygyça özünem ýadadyp, keýpini gaçyrypdy. Eger onuň ýazmak isleginden habarly dostlarynyň biri üstüne gelmedik bolsa, kim bilýär, o kagyzlar häzir nireden çykardy?! “Meniň ed-diljek şo wagt öýüňize barmagym seni oýlandyrmadymy?” diýip, dosty soň – soňlar Sähetmyradyň ýazyjy hökmünde tanalmaga başlan döwürleri köp sorapdy. Jogabyň öz garaşyşy ýaly bolmazlygyndan heder edibem özi dillenýärdi: “Hydyr ata ýaly ýetişäýendirin, görseň” Sähetmyrat soňabaka bu sorag – jogaby ýat tutup gitdi:

  • Men näme üçin edil şo wagt üstüňden bardym?
  • Hydyr ata bolanyň üçin!

Oýun – oýun bilen, ýöne hakykatyň hatyrasyna bir zady boýun almaly. Şol dosty Sähetmyradyň ýazyjylykdan el göterip, başga işe girişmeginiň öňüni aldy. Eger ol: “Munyň-a, allanäme hekaýa ekeni” diýip, ýazylan kagyzlary redaksiýa alyp gitmedik bolsa, soňundanam: “Dost jan, o hekaýaňy redaktoram halady, ýene-de ýazyp getir” diýen tabşyrygy bermedik bolsa, Sähetmyrat gaýdyp eline galam almazdy. Ýazyp başlan eserlerindäki daglar beýleki eserlerdäki daglardan tapawutlanmady, baglar öňküligine galdy, näzik zenanlaryň waspy doly söýlenmedi, ýaşaýyş bilen söýgiň syrlaryna jogap tapylmady. Olar henizem hemmeler üçin näbelli bolmagynda galdylar. Sähetmyrat ilkibada bu ýagdaýy düzetmek islänem bolsa, soňundan azara galmady. Oňa: “Sen beýik, aý sen üýtgeşik, bular ýaly ýazýan-a, walla, men-ä duşamok” diýýärdiler. Ol bu setirleri eýýäm Ýeseniniň, Şukşiniň, Tolstoýyň aýdandygyny ýuwaşlyk bilen pyşyrdady. Daş – töweregindäkiler gowurdydan ýaňa ony eşitmediler. Ol gygyryp diýen ýaly janykdy. Daş – töweregindäkiler oňa ynanmadylar. “Olaram aýtsa aýdandyr welin, aý, sençe aýdan däldir-laý” diýip arkasyna kakdylar. Elbetde, boljagydyr-da. Onsoň Sähetmyrada diňe egnini gysaýmak galýardy. Şolar ýaly duşuşyklardan soň öýüne gelip, hasyr – husur ýene ýazanlaryny okamaga başlaýardy. Şeýle gijelerde onuň näçe sany saçy agardyka?! Sähetmyrat kem – kemden özüniň ýazyjydygy bilen ylalaşdy. “Eger ýazyjy bolmadyk bolsam, men şu günleri görerdimmi? Maňa ýazyjy diýerdilermi? Il – gün kimiň – kimdigini menden – senden gowy bilýär ahyryn” diýip, özüne göwünlik berdi. Ýazyjylyga başlamanka, ol beýlekileriň pikiri hakynda alada edenokdy, indi şol beýlekiler Sähetmyrady ýazyjy hökmünde görensoň, onuň durmuşynda örän wajyp orny eýeleýärdiler. Eser ýazjak bolaýsa, Sähetmyrat hökman ony beýlekileriň nähili garşylajakdygy barada pikir ederdi. Ýazyjy hökmünde tanalmagy onuň durmuşyny düýpgöter üýtgetdi diýseňem bolýar. Sähetmyrat beýlekileriň haýsy ýazyjyny söýýändigini eşiden wagtynda şo ýazyja mahsus sypatlary özünde jemlemäge çalşardy. Kä saçyny uzyn goýbererdi, kä gözüne äýnek dakardy. Hatda “Men entek öýlenmekçi däl, ýazyja düşünýän zenan seýrek” diýibem bir gep tapdy. Şu çykarýan hokgalarynyň beýlekilere ýarap – ýaramaýanynam assyrynlyk bilen sorag – ideg etmegi unutmazdy. Haýran galaýmaly, ýa nesibede bolsa döwrüňem, adamlaryňam seni kabul edýänligindenmi, ýa tötänleýin şowlaýany üçinmi, Sähetmyrady ähli tutumlarynda goldadylar. Onuň her bir hereketinde, gepinde – sözünde ýazyjyny gördüler. Şol umumyhalk tolkuny ony redaksiýanyň edebi işgäri wezipesine getirdi. Soň – soňlar, başagaýlyk bilen birwagtky galamyndan çykybilmedik baglardyr daglar onuň ýadyndan çykyp gitdi. Näzikden näzik zenanlar başga keşpde janlandy. Ol öz eserlerine surat diýmegi gowy görýärdi. “Ýazyjam edil suratkeş ýaly bir ajaýyp pursaty janlandyrýar, tapawutly ýeri, ol reňkler bilen, a men söz bilen” diýip gaýtalardy. Şonda onuň göräýmäge parahat gözleri garagolluk bilen ýanyp giderdi. Ol garranda-da göwreden däl-de, ýüzden garrady. Munuňam sebäbi kimdir bir meşhur ýazyjynyň kofäni köp içýändigini eşidip, çendenaşa köp kofe içmäge başlandygy üçindi. Bütin ömrüni ýazyjy hökmünde örän parahat ýaşansoň, ol birsydyrgynlyygy, asudalygy ileri tutýardy. 

 Şeýle asuda günleriň birinde onuň durmuşyna “uly tupan” aralaşdy. Birinji gezekde şo tupan Sähetmyradyň iş otagyna çekine – çekine kellesini sokdy. . “Mümkinmi?” – diýip, sandyraýan sesi bilen sorag berdi. Kagyzlaryndan gözüni aýryp seretjek ýaly etse-de, Sähetmyradyň ýazyjydygy, ýazyjylaryň bolsa, her gelene üns bermäge wagtynyň ýokdugy ýadyna düşensoň, gözleri iş stolundaky kofe içilýän stakandan aňry geçmedi. Ýöne bu ünssüzligi, hamana, “geliberiň” diýip garşylaýan adamyň ünsi bilen çalşan şo tupan gapyny doly açdy-da, otagyň içine ätledi. Şo wagt ol entek tupan däldi. Iň bolmanda, Sähetmyrat üçin tupan däldi. Ol şo wagt orta boýludan ýüzi hüýt gara ýetginjekdi. Ilki gören badyňa çüýşe ýaly ýaldyrap duran gözleriniň täsirinden çykybilseň, küdür saçlaryna aňkarylyp oturmalydy. Sebäbi şo küdür saçyň her dürli reňki bardy, çal diýjekmi, gara diýjekmi, gara sary diýjekmi – barysy süýri kelläniň üstünde garym – gatym öwsüp durdy. Onuň aýagynda, kim bilýär, näme üçin hiç kimiň tomsuna geýmejek galyň, ak ketisi bardy. Egnindäki giň köýnek sebäpli, göwresiniň anyk formasyny (ölçegini) çaklap tapmalydy. Ýöne ýetginjegiň hordugy bildirýärdi. Sähetmyrat oňa ýadawlyk bilen soragly seretdi. Ýetginjek şobada ylgap bardy-da, elindäki kagyzy onuň öňünde goýdy:

  • Agam, şu hekaýamy okap göräýseňiz...
  • Sen kim bolarsyň? – diýip, Sähetmyrat ýene ýadawlyk bilen sorady. Dessine-de oturan kürsüsinde arkan gaýşyp, hassyldyly dem aldy. (Kofäni köp içýändigi üçin onuň ýüregagyrysam bardy)
  • Men welaýatdan geldim, adym Gurban. Gurban Öwezow – diýip, ýetginjek höwesek jogap gaýtardy. Sähetmyradyň hiç hili alamat bolmadyk asuda ýüzi ony soňraky gürrüňlere iteren borly. Ol Sähetmyradyň geplemän oturşyndan peýdalanyp, hekaýany nähili ýagdaýda döredendigi, asla döredijilige nähili gatnaşýandygy barada howlukmaç gürrüň bermäge başlady. Ýöne Sähetmyratmy bu howlukmaç, edil ýüze çabraýan dem ýaly, aljyraňňy gürrüňleri diňlejek?! Gany gyzgyn, joşup duran kalply ýetginjeklermi bu parahat ýazyjyny gozgajak?! “Hawa, olaryň şujagaz kelesaňlygynda nähilidir bir dörediji güýç ýogam däl, ýöne... äýýý” diýip, Sähetmyrat böwrüne diň saldy. Garşydaşynyň böwrüne diň salmagyny öz sözleriniň netijesi hasaplan ýetginjek ýene bir zatlar diýjek bolup agzyny açdy.
  • Goýup git – diýip, Sähetmyrat oňa aýtmaga maý bermedi. Soňundan hälki stolda goýan kagyzlaryny eline alyp, gaýtadan göz gezdirmäge başlady. Ýetginjek gitjegini – gitmejegini bilmän, çüýşe ýaly dury gözlerini ikiýana aýlap durdy.
  • Seredip göreris – diýip, ýetginjegiň aljyrap durşuna içini güldürýän Sähetmyrat ýüzüni has agras görnüşe getirmek üçin gaşlaryny çytdy. Ýetginjek sypaýylyk bilen sag bollaşyp gitse gitdem welin, onuň gitmezinden öňki garaýşy Sähetmyradyň ynjalygyny aldy. Şol garaýyşda nähilidir bir ynamsyzlyk bardy. Sähetmyrada bolan şübhelenme bardy. Ahmal galsaň, şol garaýyş içiňden parran geçip, edil ýiti päki ýaly, damaryňy diljekdi. “Öz-ä bir nemäň nemesi welin, maňa beýle seretmäge nädip het edýärkä?” diýip, Sähetmyrat şol garaýyşdan gutulybilmän, has dogrusy, entegem bukulybilmän içini hümletdi. Şo pursat onuň ellerem ýeňiljek titreýärdi. Ol munuň şeýledigini galanja kofesini içmek üçin stakana elini degrende gördi. Dogry, ol hemişe beýik ýazyjylara goýulýan hormatdan peýdalanýardy diýseň ýalan bolar, onuňam haýran galaýmaly umumyhalk söýgüsine seretmezden, ynjan ýerleri, özüne mynasyp baha berlendir öýtmedik ýerleri bolupdy. Birki sany “Sen ýazyjy däl” diýjek bolanlaram tapylypdy. Ýöne, ýokarda belleýşim ýaly, nesibede bolsa, döwrüňem, adamlaryňam seni kabul edýänligindenmi ýa ýöne şowlaýany üçinmi, ol ykrar edilen ýazyjydy. Onsoň, gel – gel, burnundan süýt ysy gitmedik biri otagyňa girip, saňa şübheli seredip gider-de, ynjalygyň galarmy? “Kime ynanmazçylyk edýänini bir bilýärmikä şol?” diýip, Sähetmyrat otagynda bir eýlä, bir beýlä ýöremäge başlady. Şol ikaralykda ýetginjegiň stoluň gyrasynda goýany üçin ýarpy bölegi stoldan daşyna çykyp duran hekaýasyna gözi düşdi. Ýeri, nämäň – nämedigini bilmeýän ýetişikliňem bir hekaýasy bolarmy-aýt? Häzir Sähetmyrat o hekaýany kül – peýkun eder. Hekaýanyň özi şonsuzam kül – peýkundyr-la. Agy – gögi saýgarmaýan ýetginjegiň boş samahyllysydyr-da. Şondan Gogol ýa Dostoýewskiý çykmajag-a anyk. 

 Sähetmyrat barha dabaralanýan şeýleräk pikirler bilen hekaýany okamaga başlady. Okadygyça-da eseriň içine girdi. Eserdäki daglar beýleki daglardan başgady. Dagyň göwsünde gara, kütek daşlary bardy, başyndaky dumanynda mumyýanyň ysy bardy, kert ýollary taýgançakdy, topragy çyglydy. Sähetmyrat tanyş bir zadyny gören ýaly düýrükdi. Gözlerine ynanman, derrewräk eseriň soňuna çykasy, onuň nähilidigine doly akyl ýetiresi geldi. Ýetginjegiň eserindäki zenanlaram ýüz hylwadan daşdadylar. Olar şeýlebir erkin zenandylar welin, söýgi ýaly duýgyny başdan geçirip biljege meňzänokdylar. Müň näze dolup, inçeden inçe gürrüň edenokdylar. Olar entek al barmadyk açyk sähranyň erkin zenanlarydy. Sähetmyrat eseri okap bolandan soň, uzak wagtlap böwrüne diň salyp durdy. Ýöne kellesinde ak galmagaldan başga öwüsýän zat ýokdy. Boşlukdy. Ol şonda birinji gezek öz ýazan eserleriniň, hakykatdanam, suratdygyna düşündi. Iň gynandyrýan ýerem, şo suratlar eýýäm kimdir biri tarapyndan çekilen taýýar suratlardy. Birwagtlar ol munuň şeýledigini duýan ekeni. Ýöne näme üçin ol şonda daglaryň beýleki daglardan tapawut etmeýändigini bilse-de, olary özüçe beýan etmäge synanyşmadyka? Eger bir gezekde amala aşmadyk bolsa, ýene bir gezekde amala aşardy-da. Döredijilik pidany talap edýär ahyryn. Sähetmyrat şo günlerini ýatlap ajy ýylgyrdy. Özüniň juda bärden gaýdandygyna düşünip hyrçyny dişledi. “Ber-dä, indi jogabyňy, Sähetmyrat” diýip, oňa içinden kimdir biri pitjiň atdy. “Ýöne entegem, entegem – diýip, ol elindäki kagyzlary rejeläp durşuna samyrdady. –  Entegem giç däl ahyryn. Hiçden giç ýagşy dälmi näme?” Şular ýaly pikirler bilen Sähetmyrat ýetginjegiň hekaýasyny tekjesiniň iň aşaky – gerekmejek ýazgylar saklanýan bölegine oklap goýberdi. 

 Bu wakadan soň ol aýagaldygyna ýazmaga başlady. Garrandygy sebäpli onuň döredijiligine böwşeňlik aralaşandyr öýdüp ýören adamlar haýran galdylar. Ýöne Sähetmyradyň eserleri öňküsinden has geňdi, düşnüksizdi, pikirleri bulam – bujardy. “Ne gawun, ne mawun” diýesi gelip, onuň eýýäm ykrar edilen ýazyjydygy üçin dilini dişleýänler köpelip ugrady. Ýaşmak astyndan gepleýän gelinler ýaly, olaryň käbir duzly sözleri Sähetmyrada ýetmänem duranokdy. Şeýle gürrüňleri eşiden wagtynda ol otagyna kürsäp girýärdi-de, hiç kime görkezmän ýören ýetginjegiň hekaýasyny eline alyp, pyşyrdap diýen ýaly okaýardy. Birgiden eserleriniň ýekeje hekaýaça ýoklugy janyny ýakýardy. Ýene bir wajyp pursat, ol indi öňküsi ýaly hem ýazybilenokdy. Galamynyň ugruny üýtgedenindenmi, öňküsi ýaly ýazyp başlaýsa, içi gysyp, derrew taşlaýardy. Ol hut şo günlerde aýnanyň öňüne baryp, öz – özünden näme bolýandygyny soramagy çykardy. Asudalygy, birsydyrgynlygy söýýän ýazyjynyň durmuşynda tupan turdy, harasat gopdy. Käwagtlar şol harasat güýjäp, iş stolunam, kofe içýän stakanynam, möhüm habar bolaýmasa ulanmaýan telefonunam öz goýnuna düýrläp, penjireden ýokary göterilýärdi. Alasarmyk ýagdaýdan aýňalybilmeýän Sähetmyrat harasadyň diňe bir zady – ýetginjegiň hekaýasyny götermäge ysgynynyň çatman, ony suwuň düýbüne çöken daş deýin galdyryp gidýändigini aňýardy. Şol harasat Sähetmyradyň öz eserlerini ýelek ýaly galgadyp, çar tarapa pytradýardy. “Bäh, indi göwnümdäki aýdylman galarmyka?” diýip, ol öz – özüniň öňünde aglaýjak bolýardy. Şeýle nebsagrynç günleriniň birinde Sähetmyrat ýetginjegiň hekaýasyny çap etmegi ýüregine düwdi. Bu karar onuň özi üçinem garaşylmadyk karar boldy. Günleriň bir güni iş otagyna geldi-de, sen – men ýok, tekjede ýatan hekaýany ýer ýüzüne çykardy. Özem, hamana, şunça wagtlap çap edesi gelmän, gizländigini bilmeýän ýaly, örän arkaýynlyk bilen çykardy. Öz aýtmadyk sözlerini kimdir biriniň aýdanyna gynanman, gahary gelmän çykardy. Şular ýaly perwaýsyzlyk bilen ol öň näçe sany eseri çapa taýýarlapdy, ýöne olar Sähetmyrady oda – köze salan, asuda durmuşyny başaşak öwren eserler däldi. Sähetmyrat ylalaşdy. Özüniň ýazyp bilmeýändigi bilen, göwnündäkisini aýdyp bilmeýändigi bilen ylalaşdy. Şol içindäki öwrülişik, hudaý bilsin, nireden ýeten boýun egijilik, ylalaşyjylyk duýgusy ony ýetginjegiň hekaýasyny çap etmäge iterdi. Hekaýa çap edilen güni oňa kän – kän jaňlar geldi, gutlag sözleri aýdyldy. Sähetmyrat begenmedem, gynanmadam. Göwnüniň iň çetki künjeginde çala ýylpyldap ýanjak bolan gözügidijilik duýgusynam kofe içmek bilen söndürdi. Şular ýaly ahwalda birnäçe gün gezensoň, şol günleriň dowamynda başy dumanly daglaryň gerşinde gatap galan kytyrdawuk ak gar bilen hoşlaşdy, baglaryň solgun şahalaryny yralan wagtyňda ukudan oýanýan tozanjyklaryň dymyk ysy bilen hoşlaşdy, sallançakda ýatyrka, ejesiniň şakyrdadan oýnawaçlarynyň sesi ýadyna düşüp, olary näzikden näzik zenanlaryň düwmeleriniň sesine meňzetdi, meňzetdi-de şol sesdäki ýakynlyk, mähribanlyk bilenem hoşlaşdy. Öýke – kineden ýaňa Sähetmyradyň galanja gürleşmek islegem öçüp gitdi. Ol öýkeledigiçe, barha we barha şol ýetginjegiň ýaşynamy ýa şonuň ahwalynamy ýetip ugrady. Soňabaka bu ýagdaý ony ruhlandyrdam. “Öýkeläniň paýy süýji” diýişleri ýaly, Sähetmyrat içini hümledip, özüne adalatsyz çemeleşendirler öýden durmuş sahnalaryny ýatlap ýörkä, şol sahnalaryň öň görünmedik, göze ilmedik suratlaryny görüp ugrady. Suratlaryň janlanyşam üýtgeşikdi, olar garaşmadyk wagtyňda, garaşmadyk ýeriňden peýda bolýardylar. Özlerem mazmuny boýunça dürli – dürlüdi; kä tamdyr laýynyň sary samanlary, olaryň tamdyryň sary nagşyna çalym edişi, kä penjiräniň öňünde unudylan tirsek boýdaky gara gaýçy, kä ejesiniň baş ýuwluk ysly ak ýaglygy – hemmesi Sähetmyradyň ýadyna düşýärdi. 

 Şu göz öňüne getirmeleri bir sapaga düzjek bolup gelşine, ol birden saklandy. Gyşyň bulutly, çygly günüdi, ýöne asmandan nem damanokdy. Sähetmyrat başga wagt bolan bolsa, kellesiniň gyzmagynyň sebäbini sowuk howadan görerdi. Häzir bolsa, ol muny täzeden bäri hiç gününe goýmaýan göz öňüne getirmelerinden gördi. Sähetmyrat ýagdaýy anyklajak bolup aýak çekende, şol göz öňüne getirmeler edil akyp gelýän suwuň öňüne bent tutulanda suwuň düýrügişi ýaly, haýykdylar, urundylar, yza tesdiler. Sähetmyrat düşünmedi. Aňyndan “Maňa näme bolýarka?” diýen sorag ýyldyrym çaltlygynda geçip gitdi. Göge seretse, ýagaýjak – ýagaýjak bolsa-da, nem damdyrmaýan çal asman, ýere seretse, içgysgynç ýodalar. Iň gowusy, ýene dert çekmek. Dert çekip işe tarap ýöremek. Ýogsa-da, soňky döwürler onuň keýpine hasrat çekýändigi barada aýtmak gerek. Özüne nähilidir bir adalatsyzlyk edilýändigi hakdaky pikir ony içinden begendirýärdi. Sebäbi şol pikir ony günäsiz, ejiz bir adama öwürýärdi. Hudaýyň bolsa ejiz adamlary goldaýandygyna, agyr günde taşlamaýandygyna bolan ynam Sähetmyradyň ýüregine ornap barýardy. Ol şonuň üçin sesini çykaranokdy, uly ili bilen “Näme mende ylham ýok?” diýip, möňňürip aglanokdy, gabat gelen zatlary zyňyşdyryp, ikiýana urnup ýörenokdy. Dilsiz – agyzsyz ar alyp ýören misginsokar adam bolar-a, ana, Sähetmyrat şo zeýilli adamlara çalym edýärdi. “Ýöne, bu nä boluş? – diýip, ol stolunyň üstünde haçandan bäri ýazylman ýatan ruçkany görende pikirlendi. – Eý, hudaý jan, bu nä boluş?” – diýip, ýene tolgunmak bilen gaýtalady. Şo wagt onuň ýürek urşy öňküsinden güýçlenip, dem alşy ýygylaşypdy. Sähetmyradyň “ýene-de ýazasym gelýär-le” diýen pyşyrdysy ynamsyzlyk bilen aýdylanam bolsa, şo pyşyrdyny aýdan adamyň kellesinde eýýäm öwrülişik etmäge ýetişipdi. Sähetmyrat ýitiren bir zadyny tapan ýaly, iş stolundaky ruçkany garbap aldy-da, dynuwsyzlyk bilen ony öpmäge başlady. Şular ýaly janypkeşlik bir zada juda uzak garaşyp, kösençlik baryny çekip, ahyryn, öz maksadyna ýeten adamlarda bolýandyr. Sähetmyrat ömründäki iň wajyp zady uzak aýraçylykdan soň tapan adam ýaly begenýärdi. Nämedir bir zatda utulaýjak – utulaýjak bolsa-da, utulman, ýeňen adamlar ýaly begenýärdi. Iň soňunda öz mynasyp paýyny alan, beýik adalatyň dabaralanmasyny gören adam ýaly begenýärdi. Şol begençli pursatda onuň gözüniň öňi ümezläp, ýaşaran kirpikleriň aňyrsyndan eli hekaýaly ýetginjegiň çala sudury görnüp gidýärdi. Ýetginjek edil ýeňijä sowgat gowşuran emin agzasynyň bir gyrada ýeňijiniň ýeňşini sessiz paýlaşyp durşy ýaly sessiz dursa-da, Sähetmyrat onuň bardygyny durky bilen duýýardy, ýüregi bilen duýýardy. Ol şo pursat öz – özüne gaýdyp hiç haçan hiç kimiň sungat eserini ýok etmejekdigine sessiz söz berýärdi.

 

 Bägül ATAÝEWA

25 |
|