Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Žurnalist.

Ýiten Göwün

1 minut alar

Göwün diýsene...  Gö-wün... bary ýogy ikije bogun... Ýöne ynsanyň tutuş bedeni, ýüregi, akyly, ruhyny onuň täsirine görä bolýan eken...  Meniňem göwnüm bardy birwagtlar, ýöne ony ýitirdim tötänden. Köp wagt boldy göwnümden derek bolmanyna.  Ol-a meni unudan bolmagam ahmal, ýogsa gözlegime çykan bolardy,  meni tapan bolardy bir eýýäm... Ol meni näme etsin diýsen-e ,,Göwnüne seretmeýänim" üçin...  Özüme galsa-ha göwünsiz hem geçip dur ömür gül ýaly bolup, sebäbi göwnüňe degýän adam ýokda ,,Göwnüm" bolmany üçin ... Ýöne ýüregim ony küýsedi biraz, her wagtjyk bildirýär özüme,  ,,Göwnümiň görülmegini" isleýär. Ýüregiňkem Göwündä!  Şonuň üçin bilmedim belki bir gün bi:limi berk guşaryn we ,,göwnümi tapmagyň"  gözlegine özüm çykaryn! Ýöne ýönesi bar.. Belki göwnüm meni görmek islemese?..  Ýogsa-da  maňa  gözleşlesene, belki sen meniň göwnümi taparsyň! :)

13:12

01.01.2026

ENEMÄHRI GUWANOWA.

|