Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýene düşnüksiz duýgular...

1 minut alar

Soňky wagtlar solan güller hoşuma gidýär. Belki şonuň üçindir içimdäki kebelejiklerimiň hem meni terk edeni. Içim daşymdan yza galyp barýar öýdýän, edil wagt täsir etmeýän ýaly. Daşyma bahar gelse-de içimde güýz. Henizem bahara garaşyp oturşym. Ýapynjamam maňa ýylylyk berenok. Sözlerem ýigrenip başladym, olaram maňa päsgel berýär soňky wagt. Seslerden ýadadym, sessizlige tarap ýöräsim gelýär. Hiçkimň ýok ýerinde ümsümligi diňläsim gelýär. Ýazasym gelýär, gorkuly duýgular hakynda ýazasym gelýär, olary maňa aşyk bolaryndan saklasym gelýär. Ýanymdaky sessiz kölegäni diňläsim gelýär. Käbir zatlary terk edesim gelýär, edil käbir zatlar meni terk edişi ýaly. Durmuşyma çakylyk hatysyz gelen kişileri durmuşymdan telbelerçe çykarasym gelýär. Düşnüksiz duýgularyma düşünesim gelýär. Içimdäki özüm daşymdaky özümi gynasy gelýär. Sagadyn diljagazyny tersine hereketlendiresim gelýär. Gerekmejek duýgularymy duýgusyzlara paýlasym gelýär. Aglasym gelýär...

Enemähri Guwanowa.

96 |