Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

ÝAZMAK ÜÇIN PIKIR GEREK ADAMA

1 minut alar

Ýazmagyň syry biziň içki dünýämizde bolup geçýän hadysalara, ol hadysalary ýürekden duýup bilşimize baglydyr. Ony gepletmek, oňa geň düşünjeleri ýazdyrmak, hadysalary ýekän-ýekän gözden geçirmegimize, esasanam, täsin pikirlerimize, parhly dünýä garaýşymyza we beýlekileriňkä meňzeş bolmaýan ideýalarymyzyň bollugyna hem baglydyr. Ajaýyp setirleri, iliňkä meňzeş bolmaýan pikirleri döretmegiň usullaryndan biri bolsa empatiýadyr. Empatiýa – ýazmagyň syryny paş edýän gymmatly açardyr. Empatiýa arkaly islendik obrazy, hekaýany we hyýaly gahrymany döretmek mümkindir.

 

Ýazmak üçin bir zatlardan başlamak hökman gerek. Ol bolsa ýazmagyň ilkinji şertidir. Şertleriň bir ýere jemlenmegine garaşmak wagtyň gymmatyny bilmezlikdir. Ýazmak üçin islendik ýerde başlamagy ýörelge edinmek esasy maksadymyz bolmaly. Şonda biz aňsatlyk bilen uzak ýollary aşmagy başararys. Esasy zat ýönekeýje setirlerden başlamak we ony tamamlamak üçin elimizde bolan gaýratymyzy gaýgyrmazlykdyr. Sebäbi, başlamagyň ýeke özi bir işi bitirmegiň hötdesinden gelip bilmeýär. Başlamak, çekilen zähmet bilen bile duranda, olar ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi başarýarlar. Bu ikisi bile näçe galany alandyrlar kim bilýär? Ikisi bile ägirt uly, üýtgeşikden-üýtgeşik topary emele getirmegi diýseň başarýarlar. Ikisiniň öňünde durup biljek ne güýç ne-de kuwwat bardyr.

 

Ýazmak üçin pikir gerek adama,

Pikir bolsa kitaplardan alnar.....

 

medium:@Serdaryn_Pikirleri

83 |
|