Teswirler (11)

Ýüklenýär...
User Avatar

Arzuwsöýer

Ýatlamalarymda ýaşaýan ýyllar

3 minut alar

Meniñ kämahallar halys güýmenere pişe tapman,kämahallar bolsa hut ýüregimiñ emri boýunça fotoalbomymyñ gatlaryna çümüp gidäýme endigim bar.

Ine-de çagalyk,ýetginjeklik ýyllarymy özünde jemlän sahypalary könelişip giden fotoalbomym.Muña garamazdan ondaky her fotosuratyñ ýatlamasy göwnüme täze ýaly,ol suratlary düşülen pursatlar dek düýn ýaly ýadymda.Adatça,men näz-nygmatdan doly saçagyñ başyna oturdylan myhmanyñ birbada haýsy nygmatdan başlajagyny bilmän kösenişi ýaly,ol suratlaryñ haýsysyny synlajagymy bilmän kösenýänem bolsam,häzir beýle däl.Häzir haýsy suratlary synlap,haýsy ýyllara dolanjagymy anyk bilýärin.Meni bilimden,buýsançdan,tolgunmadan,şatlykdan,gussadan ýetdik paýyny almak bilenem çäklenmän pürepür dolan mekdep ýyllarynyñ ýatlamalary öz goýnuna çagyrýar.

Mekdep ýyllary...

Her gün diñe haýsy hem bolsa bir ugra degişli sapagy öwrenmän,eýsem durmuş sapagyny hem onuñ bilen bilelikde özleşdiren ýyllarymyz.

Deñ-duşlarymyz bilen arakesmelerde alaýaz bolup,dünýäni unudyp gürrüñler eden,ýomak-henek atyşan ýyllarymyz.

Mugallymlarymyzyñ her jümlesini gyzyla gaplap,olara meñzemäge synanyşyp,öýkünen ýyllarymyz...

Albomyñ gatlarynda "seýil edip"ýörşüme ol ajaýyp ýyllara degişli suratlaryñ ep-esli kändigine göz ýetirýärin.

Okuwçylara mahsus bolan ýaşyl köýnejigimi ilkinji gezek geýenimde düşen suratymy synlap birenaýy ýylgyranymy duýman galypdyryn.Gysgajyk gulpagym ýañy örüme giripdir.Başymda köpler aýtmyşlaýyn "iññeden ýañy çykan" keşdesiniñ reñkleri güne ýalpyldap,öwşün atyp duran türkmen tahýasy.Arkamda ejemiñ "Indiki ýylam göterersiñ"diýip alyp beren,özüme ulydygy mese-mälim bildirip duran ýantorbam.Gözümde gorkymy,gussamy,aljyramakmy birhili ýaramaz duýgularyñ owsun atýanyny görmek bolýar.Hakykatdanam,şol gün özüme düýpgöter nätanyş ýere -mekdebe gelmek göýä diýrsiñ aldym-berdimli söweşe giren ýaly çaga göwnümi ep-esli tolgundyrypdy.Men ilki-hä kemiş-kemiş edip sessiz aglapdym,soñam sesimde baryny edip,möññüripdim.Asyl,meniñ ýaly mekdebe gelip özüni ýitirip ugran çagalar ýetik bolsa nätjek.Herimizem özbaşyna bir dünýä.Ýadyma düşýär,başlangyç mugallymyz şonda bizi köşeşdirmek üçin kän yhlas edipdi.Ýanyma gelip, başymy sypanynda ellerinde hut mugallymlara mahsus bolan ýylylygy duýupdym.Mugallymymyñ hereketi maña "Bu ýerde-de seni edil ejeñ ýaly söýjek ynsan bar" diýýän dek ýüregimi rahatlandyrypdy,dartylan damarlarymy gowşadypdy.Ondan soñky ýatlamalarym lkinji gezek A harpynyñ ýazylyşyny öwrenmek bilen utgaşýar.Mugallymym synp tagtasynda "A"harpyny ýazanyndan soñ okuwçylaryñ ählisine gezekli-gezegine tagta çykyp, şol harpy ýazmagymyzy tabşyrypdy.Okuwçylaryñ hersi başardygyndan "A"harpyny ýazanam bolsalar,hiç biriniñ harpy ýazyşyna pisindim oturyberenokdy.Öz ýanymdan " Häzir şeýle bir gowy ýazaryn welin,olaryñ barsynyñ maña gözi gider"diýip,göwün ýüwürdýärdim.Ine-de gezegim ýetip,synp tagtasyna bakan ýüwürdim.Wah,bu harpy ýazmak daşyndan görnüşi ýaly ýeñil-ýelpaý iş däl eken-ä."A" harpyny ýazyp bilmän burçda ýüzümi sallap durupdym.Mekdep ýyllarymdaky ilkinji durmuş sapagyny şol gün alypdym."Durmuşda hiç kime kembaha garamaly däl,adamlaryñ ýerinde bolmazdan olary tankytlamaly däl hemem asla uly geplemeli däl!"

Bu bolsa,synpdaşlarymyz bilen harplyk baýramynda ýagny ilkinji gezek üýşüp düşen suratymyz.Ählimiziñ başymyzda mugallymymyz tarapyndan özümize goşgujygyny aýtmagy tabşyrylan harplarymyzyñ suraty çekilen gaty kagyzjyk geýdirilen.Meniñ başymda daş-töweregi geñ-enaýyja,ýalpyldawuk bezegler bilen bezelen "S"harpy.Şol gün ejemiñ aýtjak goşgularymy,etjek çykyşymy diñlemegi meni has-da tolgundyrypdy.

Fotoalbomyñ indiki sahypasyna geçenimde meni synpdaşlarym bilen ýetginjeklikde düşen suratlarymdan biri garşylaýar.Mugallymymyzyñ ýüzünde hemişeki ýaly okuwçylaryna buýsanç,biziñ ýüzümizde bolsa adaja ýylgyryş bar.Synpdaşlarym neneñsi mähriban,göwnaçyk görünýärler.Edil hakykatda bolşy ýaly.

...Hersiniñ özboluşlyja ýatlamasy ýetik bolan suratlaryñ iñ soñkusyny görenimde ýüregim jigläp gidýär.Iñ soñky jañ dabarasynda düşülen suratyñ ýüzünde emaý bilen aýamy gezdirýärin.

 Durmuşymyzyñ ägirt,gyzykly sahypasyny ýapyp,täze sahypasyny açmaga häzirlenip duran uçurymlar ýagny,synpdaşlarym ählimiz gyradeñ düzülipdiris.Egnimizde uly we bezemen harplar bilen ýüzüne"Uçurym"ýazylan lenta asylypdyr.Ellerimizde bolsa şol ýyl birinji synpa gadam basan körpelerden sowgat alan ter çemenlerimiz bar.Şol suratda ählimiziñ ýüzümizde ýylgyryş bolsa-da gözlerimizde dammaga häzir bolup duran ýaş damjalarynyñ bulduraýandygy aýdyñ görünipdir.Fotoalbomyñ gatyny ýapanymdan soñ esli oturyp,synpdaşlarym barada oýlanýaryn.Ykbal olary gör,nirelerden çykardy,gyzlarymyz bir öýüñ bikesi bolup oturan ejeler bolan bolsalar,oglan synpdaşlarymyz hersi bir maşgalanyñ keşgini çekip ýören kakalar boldylar."Wagta salym ýok" diýleni şu bolsa gerek.Indi  herimiziñ özümize mahsus gaýgy- aladalarymyz,işdir-pişämiz bar.Biziñ iñ päk,iñ gyzykly ýyllarymyzyñ şaýady bolan mekdebimiz bolsa "Aman-sag gezip ýörmüsiñiz?"diýýän ýaly alyslardan şo-ol seleñläp dur,seleñläp dur.

 

82 |