Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

ÝAŞLARYŇ EKOLOGIÝADAKY ORNY WE JEMGYÝETÇILIK JOGAPKÄRÇILIGI

2 minut alar

Häzirkizaman ekologiýa meseleleri diňe alymlaryň, döwlet edaralarynyň ýa-da halkara guramalarynyň çäginde galmaýar. Olar gündelik durmuşymyzyň, pikirlenişimiziň we geljegiň gönüden-göni bir bölegine öwrüldi. Bu meseleleriň merkezinde bolsa, aýratyn bir jemgyýetçilik topary – ýaşlar durýar. Sebäbi geljek hem-de geljegiň nähili boljakdygy ýaş nesliň şu günki gün nähili karar kabul edýändigine baglydyr. Ýaşlar jemgyýetiň iň hereketli, üýtgeşmelere açyk we täzelige çalt uýgunlaşýan gatlagydyr. Hut şu aýratynlyklary sebäpli, ýaşlar ekologiýa meselelerinde hem hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýärler. Ekologiýa bilen baglanyşykly jogapkärçilik ýaşlar üçin mejbury borç däl-de, olaryň jemgyýetdäki orny bilen gönüden-göni bagly ahlak borjudyr. Soňky ýyllarda dünýä boýunça ýaşlaryň ekologiýa babatda has işjeňdigini görmek bolýar. Köpçülikleýin bag ekişlikler, meýletinçilik işleri, jemgyýetçilik kampaniýalary – bularyň ählisi ýaşlaryň tebigaty goramak meselesine diňe teoriýa hökmünde däl, eýsem şahsy mesele hökmünde çemeleşýändigini görkezýär. Bu ýagdaý ýaşlaryň jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ekologik jogapkärçilik ilki bilen pikirlenişden başlanýar. Tebigata bolan garaýyş, sarp ediş endikleri, gündelik durmuşdaky ownuk saýlawlar – bularyň ählisi ekologiýanyň ýagdaýyna täsir edýär. Ýaşlar üçin “meniň edenimden näme üýtgär?” diýen pikir örän howplydyr. Sebäbi ekologiýa hut şol “ownuk” ädimleriň jeminden emele gelýär. Ýaşlaryň ekologiýa babatdaky jogapkärçiligi diňe zibil taşlamazlyk ýa-da nahal ekmek bilen çäklenmeli däl. Bu jogapkärçilik has giň düşünjäni öz içine alýar: ekologik bilim, jemgyýetçilik täsiri, başgalara görelde bolmak. Ýaşlar öz daş-töweregine täsir edip bilýän güýçli jemgyýetçilik toparydyr. Bir ýaş raýatyň jogapkärçilikli hereketi başga onlarça adama täsir edip biler. Ekologik bilim bu ugurda aýratyn orny eýeleýär. Bilimsiz jogapkärçilik wagtlaýyn bolýar. Tebigatyň nädip işleýändigine, adamyň onuň bilen nähili gatnaşygynyň bardygyna düşünmeýän ýaş nesil durnukly ekologiýany döredip bilmez. Şonuň üçin, ekologik bilim diňe mekdeplerde däl, eýsem jemgyýetçilik durmuşynda, mediýa giňişliginde yzygiderli wagyz edilýär. Şeýle-de, ýaşlaryň ekologiýa babatdaky orny döwlet syýasaty bilen hem sazlaşykly bolmalydyr. Ýaşlar diňe ýerine ýetiriji däl, eýsem pikir dörediji, teklip ediji hökmünde hem gatnaşmalydyr. Ekologiýa boýunça kabul edilýän çözgütlerde ýaşlaryň sesiniň eşidilmegi olaryň jogapkärçiligini has-da artdyrýar. Jemgyýetde ekologiýa meselesine biperwaý garaýyş köplenç “bu meniň meseläm däl” diýen düşünjeden döreýär. Ýaşlar bolsa, bu düşünjä garşy durup biljek iň esasy güýçdür. Sebäbi olar geljegiň eýesidir. Tebigaty goramak ýaşlar üçin uzak geljek baradaky hyýaly pikir däl-de, olaryň şahsy ertiriniň kepilidir. Tebigata bolan garaýyş – bu jemgyýetiň geljege bolan garaýşydyr. Eger ýaş nesil bu jogapkärçiligi şu gün öz üstüne alsa, ertir tebigat hem, jemgyýet hem durnukly bolar.

 

Agabaý ÝEGŞEMOW,

“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň agzalyk işleri boýunça hünärmeni.

|