ÝAŞLARA MASLAHAT: WAGTYŇ GADRYNY BILÝÄN ÝAŞLAR – GELJEGIŇ EÝESI
2 minut alar
Häzirki döwür sanly tehnologiýalaryň döwrüdir. Internet bolsa, adamzadyň döreden iň uly maglumat ulgamlarynyň biri hökmünde ylym-bilimiň, döredijiligiň, aragatnaşygyň we innowasiýanyň çäksiz mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Bu mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanýan ýaşlar üçin internet uly mekdep, ygtybarly maslahatçy we geljege alyp barýan ýolbelet bolup biler. Ýöne şol bir wagtyň özünde internetiň bimaksat ulanylmagy, gymmatly wagtyň bimany güýmenjelere sarp edilmegi durmuşda gazanyljak üstünlikleriň öňünde päsgelçilik döredip biler. Şonuň üçin hem, häzirki döwrüň iň möhüm endikleriniň biri interneti ýerlikli dolandyrmagy öwrenmekdir.
Her bir ýaş ýetginjek öz öňünde beýik maksatlary goýsa, internet şol maksatlara ýetmegiň kuwwatly guralyna öwrülýär. Bu gün dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sapaklary, ylmy makalalar, elektron kitaphanalar, daşary ýurt dillerini öwredýän okuwlar, täze hünärleri özleşdirýän sanly platformalar hemmeler üçin elýeterlidir. Birnäçe sagatlap bimany wideolary synlamak ýa-da netijesiz güýmenjelere berilmegiň deregine, şol wagty täze bir dili öwrenmäge, hünär endiklerini ösdürmäge, kitap okamaga ýa-da ylmy täzelikler bilen tanyşmaga sarp edýän ýaşlar ertirki gün jemgyýetiň iň abraýly hünärmenleriniň birine öwrülip biler. Çünki üstünlik bir günde gazanylmaýar, ol her günüň dogry peýdalanylan minutlaryndan we sagatlaryndan kemala gelýär. Ýaşlar bir zady bilmelidir: internet diňe guraldyr, onuň nähili netijä getirjekdigi ony nähili ulanýandygymyza baglydyr. Peýdaly maglumatlary gözleýän adam bilim gazanar, ylmy öwrenýän adam tejribe toplar, döredijilik bilen meşgullanýan adam täze eserleri döreder.
Wagt adamyň iň gymmatly baýlygydyr. Ýitirilen baýlygy täzeden gazanyp bolar, ýöne biderek geçirilen wagty yzyna saradyp bolmaýar. Her bir ýaş ýetginjek internetde geçiren wagtyna jogapkärçilik bilen çemeleşmegi öwrenmelidir. Her gezek telefony ýa-da kompýuteri açanyňda: «Men häzir näme öwrenerin? Bu maňa nähili peýda getirer?» diýen sowallary özüňe bermek peýdalydyr. Şeýle endik adamy bimaksat maglumat akymyndan gorap, onuň wagtyny has netijeli peýdalanmagyna kömek edýär. Bilim, döredijilik we ösüş ýoluna gönükdirilen her bir minut bolsa, geljekde uly üstünlikleriň binýadyna öwrülýär.
Berkarar döwletimiziň geljegi giň dünýägaraýyşly, sanly ulgamdan erkin baş çykarýan, ylymly-bilimli hem-de watansöýüji ýaşlara baglydyr. Internet ýaşlary maksatlaryndan sowýan güýmenje däl-de, olary beýik arzuwlaryna ýetirýän ygtybarly köpri bolmalydyr. Wagtynyň gadryny bilýän, internetden ýerlikli peýdalanýan, her gün täze bilim öwrenýän ýetginjek hiç wagt utulmaz. Her bir öwrenilen sapak, okalan kitap, özleşdirilen täze endik we netijeli geçirilen pursat geljekdäki uly üstünlikleriň berk binýadyny düzýär. Şu günüň netijeli peýdalanylan her bir pursaty ertirki günüň beýik ýeňişleriniň başlangyjydyr.
Agabaý ÝEGŞEMOW,
“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň
agzalyk işleri boýunça hünärmeni.