Ýaş taryhçylar duşuşygymyz
3 minut alar
Salam dostlar men size “Juwan” akademiýamyz bilen geçiren “Ýaş taryhçylar” duşuşygymyz hakda aýdasym gelýär. Duşuşugymyzyň esasy sebäpkäri Sarahs baba ýagny Abul Fazldyr. Şol gün Abul Fazlyň Haka gowşan günine 1000 ýyldy. Biz hem “Juwan” akademiýamyzyň agzybir ýaşlary bilen Sarahs babamyzyň hatyrasyna üýşüp taryhymyzy ýatlasymyz geldi.
Men maşgalam bilen 2 gezek Sarahs babanyň kümmetine gidipdim we men oňa degişli birnäçe rowaýatdyr gürrüňleri diňläpdim. Şonuň üçin bu duşuşyk başda meň üçin gyzyksyz boljak ýalydy emma birinji sapar eşiden maglumatlarym hem boldy.
Biz halk içinde Sarahs babany pir ýagny din adamsy diýip bilýäris ýöne Abul Fazl diňe bir din adamsy bolman ylym adamsy hem diýip tanalýar.
SSSR-nyň döremegi bilen ataizim syýasaty başlaýar we dini adamlaryň ýadygärliklerini ýykypdyrlar. Bu syýasatyň netijesinde Soçida, Kazanda birnäçe taryhy ýadygärlikleri ýykypdyrlar.
Indi gezek Sarahs babanyň kümmetine gelende Sarahsyň oba ilaty Abul Fazl diňe bir din adamsy bolman ol ylym adamsy diýipdirler. Onuň kümmetiniň ýasalyşynyň özi hem ylym ekeni diýip subut edipdirler. Kümmetiň gümmezinden aşak ýumurtga göýberseň döwülmän ýere gelýän ekeni. Şonda Sarahs ilaty dine sylagyňyz bolmasa-da ylma bir sylagyňyz bolsun diýip bu kümmeti ýykylmakdan alyp galýar.
Bilşimiz ýaly Mäne baba hem ussat alymlaryň biri bolan. Günleriň birinde Mäne baba sowal beripdirler, seniň beýle ussat bolmagyňa sebäpkär kimdir? diýip, Mäne baba hem şeýle diýipdir:”Günleriň birinde bir ýabyň gyrasynda ýöräp barýarkam ýapyň aňary ýüzünde men Sarahs babany gördüm şonda ol maňa nazary bilen garady” diýip jogap beripdir. Abul Fazlyň elinden birnäçe pirler çykan olaryň iň görnüklisi hem Mäne babadyr.
Käbir dostlarymyň ýanynda Sarahs baba hakynda gürrüň açsam olar Imam Sarahsi bilen Sarahs babany bir adamdyr öýütýärler. Olar hersi aýry adamlar diňe bir döwürde ýaşan adamlar. Imam Sarahsi hakynda aýtsak ol hem beýik şahsyýetleriň biri bolan. Şol döwürde Imam Sarahsi tutuş obaň ähli ýaşlaryna halypalyk edýän ekeni. Gapysy okuwçydan doly bolar eken. Ýurduň Soltany meň edýän ýalňyş işlerime garşy çykarmyka meni soltanlykdan düşüräýmesin diýip Imam Sarahsini bir guýa tussag edýär. Ol şol guýydaka hem umytdan düşüp ýatmaýar. Ýanyna okuwçylary gelýär we olara ylym öwredýän ekeni, emma aralarynda demir gözenek bolupdyr. Imam Sarahsi şol guýyň içinde ýatyrka 20 tomluk yslam dininiň kanunlary hakynda “Mebsut” atly kitap ýazýar.
Häzirki wagtda ähli dünýä ýurtlarynyň kada kanunlary şol kitap esasynda ýazylandyr. Bu kitaby ýewropa ýurtlarynyň ýolbaşçylary okanda beýle kitaby gysga ömürde adam ýazyp bilmeýär bu kitap asmandan inen bolmaly diýip ynanmaýarlar. Ýöne hakykatdan hem bu kitap Imam Sarahsiniň elinden çykan kitapdyr dostlarym. Imam Sarahsi guýudan çykarylyp häzirki Gyrgyzystan topraklaryna göçürilýär we şol ýerde dünýeden ötýär
Dostlarym bu duşuşygymyzyň mende galdyran täsiri örän uly. Biz türkmen halky şeýle beýik şahsyýetleriň nesilleridiris. Olara mynasyp nesiller bolmak üçin elimizden gelýäniň artykmajyny görkezip okap alym bolup Türkmenistan ýurdumyzyň adyny täzeden dünýä tanatmaly ýaşlardyrys.