
Hiçkim
Ýalňyşmak ýalňyşmy?..
2 minut alar
- Men özümiň hakyna girdim!
- Nädip?
- Ýalňyşyp...
- Düşünmedim, açyk aýtsana!
- Käbir işlerde, özümi adalatly alyp barjak bolup öz hakyma kän giren ekenim...
Hawa, köplenç şeýle-de boldy. Adalaty ölçemegi başarmazdan adyl bolmaga synanyşmak - öz hakyňy iýmek. Başgaça aýdanyňda - ýalňyşmak. Ýalňyşmak ýalňyşmy?! Her kimiň özi karar bersin...
Ýadyma düşýär, mundan ep-esli ýyl öň, okuwçy wagtlarym, synpdaşlaryma öý işlerinde kömek etmegiň deregine göçürderdim... Hem olaryň hakyna giripdirin, hem zähmetimiň. Mugallymlar meni bagyşlasyn;
Men özümi bagyşladym.
Ýadyma düşýär, talyplyk döwri söhbet sapaklarynda, mugallymlara sorag berip wagty sowardym... Sebäbi hemme taýýarlyksyz, mugallym sapak soraýar, bir men okap gelen. Näme etmeli? Mugallymy güýmemeli! Mugallymlary güýmäp hem öz hakyma, hem topardaşlarymyň hakyna giripdirin. Topardaşlarym meni bagyşlasyn;
Men özümi bagyşladym.
Ýadyma düşýär, geçen ýyl kiçiräk grant utup hemmä baýragy deň paýlapdym... Sebäbi biz bir topar, topardakylaryň hemmesiniň şol baýrakda haky bar! Ýöne aslynda beýle däl ekeni, men ýalňyşypdyryn. Hemmä deňlik etmek üçin, aramyzy sowatmazlyk üçin oljany deňme-deň bölüşenimiz... Şeýdip men öz hakyma, hem olaryň hakyna girdim... Haksyzlyk etdim, çekilen zähmete, edilen alada we görülen taýýarlyga. Gaýratyň hakyna girenim üçin zähmet meni bagyşlasyn;
Men özümi bagyşladym...
Şu ýalňyşlyklaryň ählisi ýönekeý zat ýaly görünýär, ýöne olar meniň arkamda ýyllaryň ýüki. Men ýalňyşdym, adalata düşünmän adyl boljak bolup ýalňyşdym... Nädip?! Ine şeýle:
- Hemme okuwçy gowy okap bilenok. Okap bilmeýändigi olaryň günäsi däl, diýmek bigünä ikilik alsalar haksyzlyk bolar...
- Hemme talyplar gowy okap bilenoklar. Olaryň hemmesi aslynda akylly. Tema aýdyp bilmeýändigi, dile çeper dälligi olaryň günäsi däl. Munuň üçin ikilik almagy - haksyzlyk...
- Biz bir topar, şol ýerde hemmämizem zähmet çekdik. Biriniň köp alyp beýleki biriniň az almagy - haksyzlyk!
Aslynda şu ýerde iň uly haksyzlygy özüme edipdirin - hak etmeýäne hak berip. Öz hakyma özüm giripdirin. Bu-da aram-aram meniň egnime ullakan ýük bolýar. Aslynda men özümi bagyşlamadym, bagyşlap hem bilemok, ýöne bu geçirimsizligiň sebäbi başga zat...