sci-fi writer, geographer
Ýagyşda ezilen batbörek (gysga hekaýa)
1 minut alar
ÝAGYŞDA EZILEN BATBÖREK
Ir säher bilen, şäher entek ukydan oýanmanka, köçeler düýş bilen huşuň arasynda doňup galan ýalydy. Boş köçäniň gyrasynda iki kişiniň ädimleri eşidilýärdi. Oglan, çaga ýaly duýguly, optimist, durmuşyň her pursadyny şatlyga öwürip bilýän, her ýerde gözelligi görýän biri, ady Keita. Ýanyndaky gyz bolsa realistik düşünjeli, içki duýgulary bilen garpyşýan, içki duýgularyny kagyza goşgy şekilinde agtarýan biridi ady Ren.
Keita Reni bir seýilgähe getirdi. Gelýärkäler Keita bir batbörek alypdy. Asmanda perwaz etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýan dürli reňkli owadan bir batbörek. Keita uly tolgunma bilen Rene seredip, batböregi bile uçurmagy teklip etdi. Ýöne Reniň ýüzi garaldy. Reniň içindäki tupan Keitanyň şatlygyny görüp bilenokdy. Ren üçin Keita çaga häsiýetli görünýärdi.
— Keita, diýdi Ren. — Edýän hereketiň örän kelçik. Durmuş bir oýun däl. Muňa sen haçan düşünjek?
Keitanyň ýüzündäki şatlyk nurlary söndi. Reniň sözleri pyçak ýaly sünjüldi. Reniň bu sözleri Keitanyň duýgylaryna täsir etdimi nämemi, Keita yzyna öwrüldi. Ren hem yzyna öwrülip, Keitanyň bir özüni seýilgähde taşlap gitdi. Birazdan şemal gara bulutlary getirdi, soňra ýagyş ýagyp başlady. Asmana uçma islegi amala aşmadyk batbörek Keitanyň elinden gaçdy we ýagyşda ezildi.
© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
2024ý
UFA