Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Welosiped

4 minut alar

2-nji klasy gutaryp tomus kanikuly başlan wagty ýalbaryp-
ýalbaryp kakama zordan welosiped aldyrypdym. Gönümel kakama aýdyp bilmesemem, hemişe ejemi bizar edýärdim. "Eje alaýyñ-da maña welosiped, men 5-likçäm welin alañzok, illeñ ogly 2-likçäm welin alyp berýaler :((( " diýip iñ soñunda aldyrdym. Pedala aýagymam ýetenok, ramada eýlä beýlä oýkanyp zordan sürýän. Welosipedime gaty gowy seredýän, irden turyp çaý çörek iýmän ylgap welosipedimiñ ýanyna barýan, sypalaýan, agşam ýatmakam süpürsemem, ýene-de elime matajyk alyp eýlesini beýlesini süpirýän, oturgyjyny ogşaýan, ýere ýatyp pedalyny ýalaýan. Adam dakdym hatda, Dordepel dakdym. Welosipedine at dakan ýer ýùzündäki ýekeje çaga, men bolaýmagymam ahmal. Näme üçin "Dordepel" dakdym ony özümem bilemok häzir aýal dogan, ata meñzedendirin-dä. Garaz, eý görýän welosipedimi, şol çaga wagtym " ejeñi gowy görýäñmi kakañy" diýip sorasalar säginmän "welosipedimi" diýerdim. 

Günorta naharyna golaý ejem dagy bazara gittiler. Öýde hiçkim ýok. Menem "Dordepel" bilen aýlanmaga çykaýyn diýdim. Köçä çykdym, hezil edip sürýän welosipedimi. Rulymy aşaky köçä öwürdim, aşaky köçeden geçip ýene öz köçämizden yzyma, öýe gelmekçidim. Aşaky köçä ýañy girip welosipedimi sürüp ugradym welin 30 metr çemeli öñümde 5 sany oglan otyr, köçäñ gyrasynda. Bu köçäñ oglanlary bilen kän oñşamzok, olar biziñ köçämize gelse biz depýäs, biziñkiler gitse olar depýä. Entäk 7-13 ýaş arasynda çagalar biz, beýle nämañ duşmançylygy bu? Yzyma-da gaýtmadym, ýanlaryndan batly sürip geçip giderin diýip pikir etdim. Ýöne beýle bolmady, sakladylar. Daşymy gurşap aldylar, menem düşdim welosipedden. Toýly diýilýän oglan " eý, sen Mekanyñ jigsi dälmeý?" diýip sorady. Menem "Ýok... Howwa.. Ýöne çyn doganym däl ol. Kakamyñ doganynyñ ogly" diýip samraýan. Näme diýjegimi bilemok, "howwa" diýsem bir bela, " ýok" diýsem bir bela. Sebabi Mekan bu köçañ iñ uly duşmany. Gorkarlar diýip " howwa" diýsemmikäm, yogsa beýle diýsem has beter deperlermikä diýýän. İñ soñynda dogrymy aýtdym dwoyurnym diýip. Dwoýurnyñ bolanda nämow, diýip Toýly şarpyk çaldy. Beýlekilerem welosipedimi depýä, daş zyñýarlar. Welosipedimi dependen meni depenleri gowy, mende bir batyrgaýlyk döredi. Oglanlar bilýándirler, ol ýaşlarda özüñden birje ýaş ulam bolsa edip bilýän zadyñ ýok. Olaram menden uly, ýöne şonda-da welosipedimi ýere taşlap " Erkek bolsañyz ýeke ýekeden geliñ" diýdim. Hersi ýeke ýekeden gelip meni depdi, gözöñùze getiriñ. Depdi diýýänimem ýatyryp depmek dalday, şarpyk urdylar, g.tüme depdiler. Aglap welosipedimi alyp gitjek bolsam Toýly welosipedimi berenok. Sen görersiñ häzir, ejemi üstiñden ugratjak diýip aglap öýe gaýtdym. 

Öýde hiçkim ýok, nätsemkäm diýip durkam kellä Mekan geldi. Mekanyñ öýüne gitdim, aýtdym şeýle şeýle diýip. Olam "hany görkez, külini çykarýan häzir, döwýänlaý" diýip gaharlanyp ýörãp ugrady. Menen süýtden aýrylmadyk kürre ýaly oñ yzyndan ýöräp ugradym. Barsak welosipedi gyra çekip daşynda otyr ekenler. Dwoyurnym Mekan baryp " Nämow öziñizden kiçini urmaga utanañzokmow, erkek bolsañyz meni uruñ- da " diýdi. Menem hossar tapynamsoñ göwrümim giñ. Toýly " Gerek bolsa senem urarys" diýip ýerinden turdy, 5 adam bolup üýşip ikimizem depip goýberdiler. Ýöne welosipedimi berdiler. 

Ýolda gelýäkäk dwoyurnym Mekan "Näme üçin 5 adam diýip öñünden aýtmadýn" diýip meni depip ugrady. Nämä duçar bolanymy bilmän gadym. İlki bilen-ä Toýly dagy depdi, soñ dwoyurnyma aýtdym, ýene depdiler. Ýolda-da dwoýurnym meni depýä näme üçin 5 adam diýip aýtmadyñ diýip. "Nämaý, hemmäñiziñ güyjiñiz maña ýetýämay" diýip agladym. Aÿ garaz Stalingrad söweşinde ýeñlişe sezewar bolan Nemes esgerler ÿaly bolup yzymyza gaýtdyk depilip. 

Öýe gelsem ejem dagam bazardan gelipdirler. Üsti-başymy görip näme boldy diýip sorady. Menem aýtdym. Welosipediñ pokryşkalaram ýarylypdyr, ikisem, diýdi ejem. Dogrudanam ýarylypdyr, gelýäkäm ünsem bermändirin. Toýly ýarypdyr. Agşam adatdan daşary hiç zat bolmady. Ejem wakany gürriñ berdi kakama, kakam kaýedi. Entäk "Körpeler" gutarmaka otagyma ýatmaga ugratdy. Torsarlyp otagyma girdim. Yz ýanym bilen ejem geldi."Ýeriñi salaýynmy oglum?" diýdi. " Señ bilen gürleşjek däl eje, näme bolsa agşam kakam gelende aýdyp berýäñ, olam maña káýýeýä" diýdim. " Biz näme edýänem bolsak çagalarymyzyñ gowulygy üçin edýäris-ä oglym" diýip kellämi sypalady. Gaharym uçup gitdi. "Bolýa" diýdim, "bolýa eje, indi aşaky köçä gitmerin." Yerime geçip ýatdym. "3 idiots" daky ýaly içimden "ol iz wel, ol iz wel" diýdim. 

Ertirki güniñ has gowy boljakdygyna pugta ynanyp gözümi ýumdym. Uklapdyryn. Ertesi güni irden ejem turuzdy. Bar, welosipediñe seredip gör, diýdi. Menem welosipedimiñ ýagdaýyny bilýärdim, pokryşkasy ýaryk, seredesimem gelenok. Oýaly ukyly çykyp welosipedime tarap ýöräp ugradym. Seretsem, iki tekerem abat dur. Nähili beýle bolýa diýip ejeme soradym. "Kakañ gije ýatman pokryşkalary ýamady, düzetdi" diýdi. Kiçem bolsam gözüme ýaş aýlanyp gitdi, ýyrşardym.

30 |