Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

V (✌) yşaraty näme?

2 minut alar

V nyşan ýa-da Ýeňiş nyşany - eliň üç barmaklaryny ýapyp, süýem we orta barmaklaryň açyk hem-de biri-birine degmän durmagyna berlen at. Bu yşaratda el aýasy kişiniň özüne baksa, Angliýada argo (gödeklik) hökmünde kabul edilýär. II Dünýä Söweşinde Ýeňiş yşaraty (iňlisçe Viktory sözüniň baş harpy V-ni aňladýar) hökmünde döwrüň Angliýa premýer-ministri Wintson Churchill tarapyndan giňden ýaýrandyr.

Churchill ýeňiş yşaratyny edýärkä 

ABŞ-da we 1960-njy ýyldan bäri bütin dünýäde ýaraşyk, parahatçylyk manysynda ulanylýar.Ýeňiş nyşany ,,V" esasan-da nemes faşistleriniň basyp alan ýerlerinde garşylygyň, direnişiň nyşany (simwoly) hökmünde we Fransiýa, Gollandiýa, Jerseý Adasy ýaly ýerlerde nemes nyşanlarynyň üstüne ýazylypdyr.

• Unicode sistemasynda, V yşaratynyň salgylanmasy U+270C (✌).  [1]

Dile geldi, bile geldi edip, ýene-de 4 sany emojiniň daşyndan bir aýlaw edeliň:

🤘 Şeýtan şahlary (Iňlisçe: Devil horns) heavy metal, rock aýdym-sazlaryny diňleýänleriň edýän yşaratydyr.Süýem we kiçi barmak açyk, orta, ýüzük we başam barmak ýapyk saklanmaly.Internetdäki belgilenişi \ m / görnüşinde.Ronni Jeýms Dio bu alamaty metal aýdym gurşawa berdi we oňa "Erbetligiň gözi" diýip at berdi. Onuň manysy Rim siwilizasiýasyna esaslanýar. Dio'nyň bu yşaraty tapmagyna garry enesi ylham bolupdyr. Asly Italiýaly bolan maşgalasy öz ynançlaryna örän bagly eken we garry enesiniň köçede ýöräp barýarka ynsanlara bu yşaraty edýändigini görer eken. Erbetliklerden goramak we şeýtany kowmak niýeti bilen eder eken.Erbet gözden goramak üçin hem ulanylýandygy mälimdir. Dio, dokumental filmde (Metal: Headbanger's journey) "Men oýlap tapdym diýip biljek däl, emma kämilleşdirdim we many berdim" diýdi.


🖖 Vulkan salamy 1960-larda TV serialy ,,Star Trek" tarapyndan meşhur bolan bir el yşaratydyr.

Leonard Nimoy Vulkan salamyny görkezýär

“Vulcan” salamyny original “Star Trek” serialynda ýarym Vulcan* gahrymany ,,Jenap Spok"-yň keşbini ýerine ýetiren Leonard Nimoy dizaýn etdi.1968-nji ýylda Nýu-York Times gazetinde geçirilen söhbetdeşlikde bu hereketi "Churchill'iň ýeňiş belgisiniň iki barmakly görnüşi" diýip häsiýetlendirdi. 
*Vulcan - “Star Trek” serialynda başga planetadan gelen, ynsana çalymdaş (gumanoid) hyýaly barlyk. Obrazyň esasy häsiýeti, özüni alyp barşynyň we kararlarynyň akyl-paýhasa (rasionalizme) we logika esaslanmagy, duýgudan düýbünden daşda bolmagydyr.  [2]

🤟 = I love you  [3]

🤙şu emoji "jigiiim, men cool" manysyndadyr öýtsem, başga-da manylary şular eken: ,,jaň et; habarlaşaly; alada etme; hemme zat gowy". [4]

Web çeşmeler:

[1] https://tr.wikipedia.org/wiki/V_i%C5%9Fareti

[2] https://tr.wikipedia.org/wiki/Boynuz_i%C5%9Fareti

[3] https://www.google.com/imgres?imgurl=https%3A%2F%2Fwww.lingvano.com%2Fasl%2Fwp-content%2Fuploads%2Fsites%2F3%2Fasl_content%2Fcontent-pages%2Fblog%2FILY__combination-1024x359.jpg&tbnid=H2FHR7Y_uvZV7M&vet=1&imgrefurl=https%3A%2F%2Fwww.lingvano.com%2Fasl%2Fblog%2Fi-love-you-in-sign-language%2F&docid=qMcK1xLSozUS9M&w=1024&h=359&source=sh%2Fx%2Fim%2Fm4%2F2#imgrc=H2FHR7Y_uvZV7M

[4] https://www.donanimhaber.com/emoji-anlamlari-instagram-whatsapp-emojileri-ve-anlamlari--157106

 

112 |