Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

MS biofizika

Üýtgemeýäniň gözleginde

2 minut alar

“Döwür elmydama üýtgär-de durar,

Bu gün düýne gider. Düýnüň hiç gelmez."

G.Ezizow

Üýtgemek - bir haldan, ýagdaýdan başgasyna geçmek diýmek. Adamogly bütin taryhy boýunça üýtgeýän zatlary synlamagy juda halady. Käbir zatlary öz islegine görä üýtgetmek isledi, käbirleriniň bolsa üýtgemegini jany teni bilen duruzmaga çalyşdy. Munuň özeninde bolsa hemme zadyň biziň isleýän halymyzda bolmagyny arzuw etmegimiz ýatyrdy.

Bu tebigy islegiň has aýdyň düşünilmegi üçin bir mysal bereliň. Iýmiti öz isleýän halymyza getirmek üçin olary bişirýäris ýagny üýtgedýäris, soňra bolsa onuň şo halda durmagy üçin her zat edip üýtgeşmä garşy çykýarys. Ýöne üýtgeşme diýilen zat biz islesegem islemesegem

gutulgysyz dowam edip durýar. Iýmitlerimiz näçe howluksagam belli bir wagtyň dowamynda bişýär, näçe üýtgemezligini islesegem belli bir wagtdan soň zaýalanýar. Bu ýagdaýa täsirimiz bar hem bolsa biziň täsirimiz hemişe çäkli bolup, düýp kanuny üýtgetmekden ejiz galýar.

Içimizdäki bu iki ugurly isleg biziň üýtgeşmäni has içgin synlamagymyza sebäp boldy. Bu güýcli depginde aýlanyp duran çarhyň içinde synçylyga pursat tapan adamlar tükeniksiz üýtgeşmäniň teýindäki üýtgemeýänleri görüp bildiler. Bu ýagdaýy görüp bilmek geniligiň,

paýhasyň birinji kanuny boldy. Şeýle mukaddes synçylygyň netijesinde öwrenilenlere ylym, bu synçylygyň ussatlaryna bolsa alym diýildi.

Her üýtgeýäniň aslyndaky üýtgemeýän nagyşa adamzat kanun diýip at dakdy. Mysal üçin Newtonyň formulasynyň kömegi bilen, bir gramlyk kiçijek daş bilen 5.972×10^24 kilogramlyk ýer şarymyzyň hereketiniň netijeleri üýtgeşik hem bolsa, olaryň çeşmesiniň bir üýtgemeýän formuladygy ýüze çykdy. Kanunlar üýtgeşikleriň aslyndaky birligi görmegimize kömek etdi. Bu birlik adama güýjüň gapysyny açdy. Kanunlar bilen ýaňy tanyşan adamzat dessine ony öz

peýdasyna ulanmagyň, bu kanunlara atlanmagyň yşgyna düşdi. Atlanmasyna atlandam welin dogry taraba çapyp oňarmadyk wagty oňaranyndan kän boldy.

Üýtgemeýänleriň gözlegi dowam etdigiçe adamzat ýene bir zadyň anygyna ýetdi.

Üýtgemeýändir öýdülýän kanunlaryň bir çägi bardy we olar hem öz çäklerinden ötede üýtgeşmä sezewar bolýardylar. Ägirt daşlaryň üýtgeýşini görkezýän kanun kiçijek bir elektronyň hasabyny çykarmakdan ejiz gelýärdi. Hawa adamzady ägirt ösüşleriň bosagasyna

elten Newtonyň formulasy kiçijek bir elektrony düşündirip bilenokdy. Şeýlelikde has uly, has çylşyrymly, has üýtgemeýän bir kanunyň gözlegine çykyldy. Has uly kanunlar, has berk formulalar tapyldy, ýöne hemişe bu ägirt kanunlara tabyn bolmadyk kiçijek adatdan daşary ýagdaýlar bizi täze gözleglere tarap süýredi.

Şunluk bilen has uly depginde has uly üýtgemeýäniň gözlegine çykdyk. Berk duran we her gowşagy üýtgedýän üýtgemeýänler birgün üýtgärmi bilemok. Ýöne eger üýtgeselerem bu has beýik bir üýtgemeýän tarapyndan bolar.

Hemişe gözlegde gezýänlere, tapanlara, tapylanyň yşgynda özlerini ýitirýänlere, ÜÝTGEMEÝÄNE AŞYKLARA salam bolsun.

98 |
|