Teswirler (8)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym, manager

Üstünligiň syry

2 minut alar


Adamyň biri parkda ýeke özi oturdy, kellesini elleriniň arasyna syrly-syrly pikirlenýärdi. Işleri bulaşyp, batmaklayga ýakyn bolan telekeçi biridi. Näme etse etsin işleri düzelmeýärdi. Bir tarapdan kredit berenler ony gyssaýarka, beýleki tarapdan-da bir topar adam töleg edilmegine garaşýardylar. Erbet içi gysypdy, hiçbir çözüw ýoluny tapyp bilenokdy.  Şonuň üçin hem parkda ýadawlykdan ýeňlemek üçin oturýardy.
Edil şol wagt hem ýanyna garry ýaşuly geldi-de: “Gaty gamgyn görünýäňle. Seni birahat eden bir zadyň bardygy belli...Meň bilen paýlaşmak isleýärmiň?” diýip sorady. Telekeçiniň iňirdemesini diňläninden soňra, “Saňa kömek edip bilerin” diýdi. Çek depderini çykardy-da, telekeçiden adyny sorady we oňa bir çek ýazdy. Çegi oňa berende bolsa şeýle diýdi; “Bu pul seňki. Bir ýyl geçenden soňra seň bilen şuýerde duşuşaly. Şonda bergiňi töläp bilersiň. Al onda!”. Ýaşuly adam gelşi ýaly çaltjak itirim boldy.
Adam elindäki çek bilen sessiz galdy. Birden çegiň ýüzündäki ýüz müň dollar we çekilen goly görende haýran galdy. Gol ýurduň iň meşhur baý adamlaryndan biriniňkidi. Ilki “Hemme bergilerimi töläp bilerin”diýip pikir etdi. Ýöne yzyndan bir ýyl soňra nädip  gaýtaryp bermelidigini pikir edip goýbolsun etdi. Bu gymmatly çegi seýifinde saklady.
Çegiň seýifde duranlygy ony rahat edip, işine täzeden hujuw bilen ýapyşmaga ylham berdi. Çözülmeli meseleleri yzygiderli ýeke-ýeke çözmäge başlady. Işler ýola girip bergilerini töläp başlady. Soňra az-azdan girdeýji edinip başlady. Bir ýyl dowamynda uly höwes bilen işledi. Doly bir ýyl geçenden soňra, ulanylmadyk çek bilen parka bellenen ýerde ýaşuly adama garaşdy. Edil wagtynda ýaşuly başagaýlyk bilen gelýändigini gördi. Çegi yzyna berjek bolan wagty bir şepagat uýasy peýda boldy we ýaşulyny tutup saklady. Şepagat uýasy “Ony tapanlygyma örän begenýän. Size birahatlyk beren däldirä?!” diýdi. “Sebäbi bu ýaşuly dowamly garrylar öýünden gaçyp, adamlara özüniň belli baý adamdygyny aýtýar.” diýip şepagat uýasy telekeçä ýene ýüzlendi. Soňra ýaşulyň golundan tutup gözden ýitirim boldylar. 
Telekeçi geň galmak bilen doňup galdy. Doly bir ýylyň dowamynda ýanynda  ýüz müň dollar bardygyna ynanyp birnäçe uly işler edipdi. Birden durmuşynyň gidişini üýtgeden zadyň puluň däldigine göz ýetirdi. Durmuşyny üýtgeden zadyň içindäki dörän özüne bolan ynamdy.
Üstünligiň syry seýifimizde duran däl, kalbymyzda we beýnimizdäki bolan zatlardyr. 

Başga ýerden gözlemeklik hökman däl.  
 

 

454 |