Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

2 minut alar

Ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim başarnyklaryny ele almagy ugrunda ýadawsyz alada edilýär. Munuň üçin okuw-terbiýeçilik işlerine innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylyp, okatmagyň döwrebap usullary ýola goýulýar. Ak mekdebe ilkinji gadam basan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan şahsy kompýuterleriň sowgat berilmegi bilimli nesil hakyndaky aladanyň binýadydyr.

Sapagy kompýuter arkaly guramak derse degişli maglumatlary okuwçynyň çalt we ýeňil ýadynda saklamagyna ýardam edýär. Kompýuterler başlangyç synp okuwçyda okamaga höwesi we gyzyklanmany artdyrýar. Bilim berýän başlangyç synpymda, ilki bilen, sapakda geçjek täze tema degişli slaýdlary yzygiderlilikde açyp, okuwçylary täze sözler bilen tanyşdyrýaryn, şeýle-de tema degişli suratlary görkezýärin. Kompýuteriň kömegi bilen her okuwça täze öwrenilen sözleri gaýtaladýaryn.

Geçilen temany berkitmekde kompýuterdäki ýumuşlardan peýdalanmak okuwçylarda özbaşdak pikirlenmek we ugurtapyjylyk ýaly bilim başarnyklarynyň kemala gelmegine getirýär. Mysal üçin, reňkler öwredilende, berlen şekiljigi eşidýän sesi bilen dogry tapyp, reňklemegi okuwçyda ünslüligi, dürs sözleýşi we işjeňligi terbiýeleýär. Haýwanlaryň, maşgala agzalarynyň, pasyllaryň we aýlaryň atlary öwredilende, kompýuterde surat goýup, onuň aşagynda berlen boş öýjügi doldurmak ýa-da galdyrylan harpy tapyp goýmak ýaly ýumuşlar okuwçynyň ýatkeşliginiň berkemegine, okuw we ýazuw endikleriniň ösmegine uly täsir edýär. Sanlar geçilende, ýörite berlen sanlaryň kömegi bilen gurlan şekilde yzygiderliligi saklamaýan sany tapyp, ony kompýuter syçanjygynyň kömegi bilen ýüze çykarmak okuwçynyň ünsüni bir ýere jemlemekde ähmiýetlidir. Şeýle-de türkmen dili we ene dili sapaklarynda okuwçylara multimedia tagtasynda bir wakanyň bolup duran pursadyny görkezýärin, soňra görýän hereketlerine görä, aşakda berlen sözlerden sözlem düzmeklerini tabşyrýaryn. Bu usul okuwçylaryň sözleýiş başarnyklary bilen birlikde, dürs ýazuw endiklerini ele almagyna mümkinçilik berýär. Sapaklarda şeýle usullary ulanmak özüniň oňyn netijelerini berýär.

Rahmankulova Guljan

|