...

Mehriban I

@programmer04

Öň belläp geçişimiz ýaly, "kompýuter” sözi türkmen dilinde “hasaplaýjy” diýmegi aňladýar. Kompýuter ilkibaşda döredilende diňe hasaplaýyş işleri üçin niýetlenen enjam bolupdyr. Kompýuterler arifmometrlerden we beýleki hasaplaýyş enjamlaryndan (hasap taýajyklaryndan, logarifm çyzgyjyndan we ş. m.) düýpli tapawutlan-ýarlar. Eger arifmometrler we beýleki hasaplaýyş enjamlary diňe käbir hasaplaýyş amallaryny (goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek we ş. m.) ýerine ýetirip bilýän bolsalar, kompýuterler adam tarapyndan düzülen maksatnamalar esasynda dürli maglumatlary ýygnamaga, saklamaga, gaýtadan işlemäge, ýaýratmaga ukyplydyr. Bulardan başgada kompýuterler başlangyç,…

Ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim başarnyklaryny ele almagy ugrunda ýadawsyz alada edilýär. Munuň üçin okuw-terbiýeçilik işlerine innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylyp, okatmagyň döwrebap usullary ýola goýulýar. Ak mekdebe ilkinji gadam basan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan şahsy kompýuterleriň sowgat berilmegi bilimli nesil hakyndaky aladanyň binýadydyr. Sapagy kompýuter arkaly guramak derse degişli maglumatlary okuwçynyň çalt we ýeňil ýadynda saklamagyna ýardam edýär. Kompýuterler başlangyç synp okuwçyda okamaga höwesi we gyzyklanmany artdyrýar. Bilim berýän başlangyç synpymda, ilki bilen, sapakda geçjek…

Operasion sistema näme? Operasion sistema (OS) — bu kompýuteriň ýa-da islendik akylly gurluşyň apparat üpjünçiligini (hardware) dolandyrýan we ulanyjy bilen gurluşyň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edýän iň esasy programma üpjünçiligidir. Gysgaça aýdylanda, operasion sistemasyz kompýuter ýa-da smartfon diňe bir "gury demirden" ybaratdyr.Gysgaça aýdylanda, operasion sistemasyz kompýuter ýa-da smartfon diňe bir "gury demirden" ybaratdyr. Aşakda operasion sistemalaryň wezipeleri, gurluşy we iň meşhur görnüşleri barada giňişleýin makala hödürlenýär. I. Operasion sistemanyň esasy wezipeleri Operasion sistema fonda gurluşyň durnukly…