Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sales manager

3 minut alar

Tüñçe Çaýy

Tüñçe çaýyny gaýnatmak, diňe bir agzalaýyn iş däl, ol adamyň durmuşynyň akymyny pikirlenmek, geçmişe ýüzlenmek we gelejek üçin meýilnamalar gurmak ýaly içki syýahata çagyrýan bir tejribemikä diýän. Oduň üstünde tüñçäniň goýulmagy bilen başlanýan bu prosesiň içinde meniň üçin ykjam many bar.

Umsum tokaýyň ýa-da meýdanyň ortasyndaky şemalyň owazy bilen bilelikde, oduň şytyrdap ýanyp duran sesi adamyň pikirlerini dolandyrýan filosofiýa öwrülýär. Tüñçäni goýup, inçejik çybklary ýuwaşlyk bilen alawyň üstüne oklamak—bu diňe bir ody saklamak üçin däl, eýsem, adamyň durmuşynda hem kiçijek zatlaryň nähili uly many berip biljekdigini görkezýär. Her çybyk, durmuşdaky kiçijik synanyşyklaryň ahyrsoňy uly maksada ýetip biljekdigine şaýatlyk edýär.

Oduň gyzgynlygy tüssäni ýakyp, onuň ysy dünýä ýaýlanda, adamyň pikirleri hem şol ys bilen bilelikde açylyp gidýär. Geçmişiň bagtly we gamgyn pursatlary göz öňünde janlanýar. Öz eden ýagşy we ýalňyşlyklaryň hakynda pikirlenip, geçmişiň sapaklaryndan netije çykarmak üçin ajaýyp pursat döräp, bu pikirlenme prosesi adam üçin ruhy tämizlenme bolýar. Şol mahal, “Näme üçin bu hatalary etdim?” ýa-da “Gelejekde näme etmeli?” diýen soraglara jogap tapmak üçin iň oňaýly şert döreýär.

Emma tüñçäniň başynda diňe özüň däl-de, ýüregiňe ýakyn adamlaryň hem bolmagy, bu tejribä başgaça öwüşgin berýär. Olaryň seniň bilen bilelikde oduň töwereginde oturmagy, hatda gepleşilmese-de, özboluşly düşünişmek duýgusyny döredýär. Sen öz pikirleriňe çümüp otyrkanyň, olar hem edil seniň ýaly öz içki dünýälerinde ýüzüp ýören bolsa gerek.  baglanyşygyň hem nyşanydyr.

Çay gaýnap gutaranda, tüssäniň ysyna gaýnan tüňçäniň bugy bilen bilelikde, adamyň ähli aladalary hem gaýnap, ýeňillik duýgusy ýüze çykýar. Çuňňur sessizlikde tüñçäniň çayyny dadyp görmek, adamy birbada dünýäniň ähli problemalaryndan uzaklaşdyrýar. Şol 5-10 minutlyk pursatda, adam diňe öz ruhunyň asudalygyny we rahatlygyny duýýar.

Bu pursatda ýanyndaky adamlaryň hem şol lezzeti duýýandygyny bilmek, ýüregiňe aýratyn mähir we rahatlyk getirýär. Olaryň senden hiç bir söz eşitmeýärkä öz pikirleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny duýmak, bir pursatda olaryň hem bagtlydygyna göz ýetirmek seni has-da bagtly etýär. Şol 5-10 minutlyk dynç alyş, diňe bir özüňe däl, eýsem, ýakyn adamlaryň bilen bilelikde durmuşyň çuň manysyna göz ýetirmäge iterýär.

Tüñçe çaýyny gaýnatmak we içmek, diňe bir içgi tejribesinden has köpdür. Ol adamyň durmuşynda wagtlaýyn duralga bolup hyzmat edýär. Bu ýerde adam öz pikirleri bilen ýekelikde galýar, öz-özüňi tanamak, pikirleriňi seljermek we geljege täze bir garaýyş bilen seretmek üçin mümkinçilik döreýär. Ýanyndaky dostlaryň ýa-da maşgalaň bilen paýlaşylýan bu pursatlar bolsa, aradaky baglanyşygy has hem güýçlendirýär.

Belki-de, durmuşda şeýle pursatlary döredip, her kim özüniň içki dünýäsinde has köp sapak almalydyr. Tüñçe çaýynyň sessiz filosofiýasy bize, diňe bir gündelik durmuşymyzyň däl, eýsem, durmuşymyzyň manysynyň üstünde durup pikirlenmek üçin gymmatly mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, tüñçe çaýynyň berýän ysy, diňe bir çayın lezzeti bilen çäklenmän, bizi has gowulaşdyrýan bir durmuş tejribesi bolýar. Hem-de bu tejribäniň beýleki adamlar bilen paýlaşylmagy ony has-da manyly, has-da tagamly edýär.

68 |