#Uçurymlara Ýüzlenme!
2 minut alar
Uçurymlara!
Eziz uçurym! Bugün seniň ýoluň açykdyr we öňüňde ençeme gyzykly başdan geçirmeleriň bardyr. Emma özbaşdaklyk näçe süýji bolsa-da, bilgin, durmuşyň käbir öwrümlerinde mekdebiňi ýatlarsyň, okuwçy döwrüňe dolanmak islärsiň. Durmuşyňda boljak adalatsyzlyklar mekdebiňi küýsetdirer. Mugallymlaryň her näçe käýýänem bolsalar, diňe seniň peýdaň üçin şeýdendiklerine gowy düşünersiň. Kyn günüňde ýanyňda boljak ýürekdeş dostlaryň aglabasy klasdaşlaryňdan bolar, çünki çaga wagty hiçkim şahsy bähbidini oýlamaýar. Saňa kiçiräk bir syr açaýyn: aslynda mekdep ylym öwrenmek üçin däldir. Uniwersitetiň bir ýylynda sen tutuş mekdep döwründe öwreneniňden esseläp köp zat öwrenersiň. Mekdep seni ýaňy ýetginjeklige çykan mahalyň ýalňyş ýollara düşmegiňden saklamak üçindi. Indi sen özbäşdak, jogapkärçilikli adam. Seniň mekdepde alan terbiýäňi, özüňe siňdiren edep-ahlagyňy goramak mekdebe aýdan iň uly sagbolsunyňdyr.
Eziz uçurym! Tiz wagtdan göz ýetirersiň, mekdep synaglary durmuş synaglarynyň ýanynda 2+2 ýaly aňsatdyr we seniň attestatyňdaky 5-likler durmuşyňda pikir edişiňden has az ähmiýetdedir. Mekdebi üstünlikli gutarmagyň, durmuşa üstünlikli başlajagyňy aňlatmaýar. Eger bu marafonda deň-duşlaryňdan yza galsaňam, Ýokary okuw jaýyna girip bilmeseňem gynanma: ýol agyrdyr we ýol uzakdyr. Eger-de sen synagda göçürmegiň diňe özüňi aldamakdygyna düşünen bolsaň durmuşyň manysyna düşünensiň, şol bir wagtda göçürmegi hem öwrenen bolsaň onda sen durmuşa taýýarsyň.
Eý uçurym. Bir ýyl soňra mekdebi görmäne geleniňde oňa başgaça seredersiň, çünki bu gezek " perde arkasyny " görersiň. Ýöne mekdep saňa başgaça bakmaz, mekdep üçin sen şoooool arkasy papkaly kiçijek çagasyň ...
NK