Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

TÜRKMENISTANYŇ GYZYL ÝARYMAÝ MILLI JEMGYÝETINIŇ 100 ÝYLLYK ŞANLY ÝOLY – YNSANPERWERLIGIŇ MIZEMEZ SÜTÜNI

2 minut alar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygy halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň beýany hökmünde giňden dabaralandyrylýar. Bu şanly sene diňe bir jemgyýetçilik guramasynyň baý taryhyny şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetimiziň ruhy-ahlak binýadynyň berkligini hem görkezýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly däp-dessurlarynda birek-birege goldaw bermek, ejize hemaýat etmek, kyn güne düşenlere kömek elini uzatmak ýaly ýokary ynsanperwer gymmatlyklar aýratyn orun eýeleýär. Hut şu mukaddes ýörelgeler Türkmenistanyñ Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işiniň esasy özenini düzýär. Guramanyň 100 ýyllyk taryhynyň dowamynda ýerine ýetiren asylly işleri bu gymmatlyklaryň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini subut edýär. Jemgyýetiň alyp barýan giň gerimli işleri ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ilkinji lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini üpjün etmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem, tebigy betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda tiz we netijeli kömek bermek boýunça alnyp barylýan işler aýratyn ähmiýete eýedir. Bu bolsa, jemgyýetiň diňe bir ynsanperwerlik ýörelgelerini däl-de, eýsem onuň ýokary guramaçylyk ukybyny hem görkezýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalarynyň işini ösdürmäge hem uly üns berilýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda öz işini döwrebaplaşdyrýar, halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär hem-de öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrýar. Bu bolsa, onuň abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Ýaş nesliň jemgyýetiň işine giňden çekilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Meýletinçilik hereketiniň ösdürilmegi, ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli okuwlar we çäreler olaryň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine uly goşant goşýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli jemgyýetiň ähli işgärlerini, meýletinçilerini hem-de hyzmatdaşlaryny tüýs ýürekden gutlamak ýerliklidir. Olaryň alyp barýan ynsanperwer işleri döwletimiziň gülläp ösüşine, halkymyzyň abadançylygyna mynasyp goşant bolup durýar. Jemgyýetiň geçen 100 ýyllyk ýoly – bu ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň beýik nusgasydyr.

 

Nazarklyç SAPARKLYÇEW, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň başlygy.

|