sci-fi writer, geographer
TÜRKMENISTANDA HALKALAÝYN WE DOLY GÜN TUTULMA HADYSASY HAÇAN BOLAR?
3 minut alar
TÜRKMENISTANDA HALKALAÝYN WE DOLY GÜN TUTULMA HADYSASY HAÇAN BOLAR?
29.04.1976-dan bäri halkalaýyn, 30.06.1954-den bäri doly gün tutulma hadysasy Türkmenistanyň territoriýasynda bolup geçmedi. Indi haçan boljagyny bilmek isleseňiz bu makalamy okamaga dowam ediň! 😌🙌
Ýer ýüzüniň haýsydyr bir ýerinde Günüň ýa-da Aýyň tutulandygyny metbugat we teleýaýlym arkaly görensiňiz, eşidensiňiz. Eýsem, Gün nädip tutulýarka? Bu hadysa Aýyň Ýer bilen Günüň aralygyna girmegi esasynda ýüze çykýar. Aýyň bu hereketi Ýere kölege salýar we tümlük ähli ýeri gurşap alýar. Mälim bolşy ýaly, Ýer Günüň daşyndan aýlanýar. (Meniň şahsy garaýşymyň beýle däldigni bildirmek isleýän. Meniň üçin gün ýeriň daşyndan aýlanýar 😌🙌) Ýeriň hemrasy Aý hem Ýeriň daşyndan aýlanýar. Bu hereket belli aralyklardan Ýeriň haýsydyr bir ýerinde Gün ýa-da Aý tutulmak hadysasyny emele getirýär. Ýagny Gün, Aý we Ýer deň çyzygyň ugrunda ýerleşýär. Ylmyň kömegi arkaly tutulma hadysasyny birnäçe ýyl, hatda asyr öňünden anyklamak mümkin. Gün üç görnüşde tutulýar – halkaly, bölekleýin we dolulygyna. Günüň tutulan wagtyndaky şekiliniň nähili boljakdygy Aýyň, Ýeriň we Günüň hereketine bagly bolýar. Aý Ýeriň daşyndan aýlanýan mahaly ellips şekilinde bolýar we özara uzaklygy yzygiderli üýtgeýär. Tutulma wagtynda Aý Ýere ýakyn bolsa, diametri Günüňkiden has uly bolup görünýär we Günüň ýüzüni tutuşlygyna diýen ýaly örtýär.
Aý Ýerden uzakda bolsa, Güni tutuşlygyna örtüp bilmeýär, diňe içki bölegini ýapýar. Muňa halkaly Gün tutulmasy diýilýär. Aý durýan ýerine baglylykda, Günüň belli bir bölegini ýapýan bolsa, bölekleýin Gün tutulmagy diýilýär. Ýylyň dowamynda Gün tutulma hadysasy dünýäniň dürli ýerinde 2-5 gezek bolup geçýär.
Doly we Halkaly Gün tutulmagy, gönüden-göni görmek mümkin bolan belli bir ýerde (lokasiýada) ajaýyp wizual tomaşa görkezýär. Şeýle-de bolsa, aýyň kölegesiniň düşýän diametriniň takmynan 260 kilometre golaý meýdandan daşarda bu ajaýyp hadysany, ýapylma möçberi azalýandygy üçin "Bölekleýin Gün Tutulmasy" hökmünde synlamak mümkin. Bu, asmanyň dinamikasy bilen synlaýjylaryň Ýerdäki pozisiýalarynyň arasyndaky täsiriň ajaýyp mysalydyr. Gyzykly tarapy, astronomiki hasaplamalaryň netijesinde bu täsin tejribäniň takmynan 100-150 ýyldan soň şol bir ýerde gaýtadan başdan geçirilip bilinjekdigini çaklamak mümkin. Bu, asmanyň syrlarynyň we wagtyň geçmegi bilen baglanyşygyň tebigatyň ritmleri we ähliumumy sikller hakda bize hemişe täze zatlary öwredip biljekdiginiň subutnamasydyr.
Indi bolsa Türkmenistanda Halkaly we Doly gün tutulmalaryň haçan boljagny açyklamazdan ozal, Türkmenistan üçin indiki gün tutulma hadysasy 02.08.2027-de bolup geçer. Dünýäniň 10-dan gowrak döwletinde bu hadysany Doly tutulma şekilinde synlamak mümkin bolsa-da, Türkmenistanda bu hadysa bölekleýin şekilde synlap bileris.
Indi bolsa gepi köpeltmän garaşýan maglumatyňyzy berip başlasam... Nobatdaky Türkmenistanyň çäginde synlap boljak Halkalaýyn gün tutulma hadysasy 11.06.2048ý.-da bolup geçmegine garaşylýar.
Ýokarky suratlarda görşümiz ýaly, goýy gyzyl zolagyň içinda Halkalaýyn gün tutulmasyny has amatly synlap bolýan bolsa, ol zolakdan daşarda güniň ýapylma möçberi azalýar...
30.04.2060-da bolsa Türkmenistanyň çäginde Doly gün tutulma hadysasynyň bolup geçmegine garaşylýar.
Suratdan görşümiz ýaly bu tutulmany has gowy şekilde Köneürgenç, Daşoguz, Boldumsaz, Gazojak şäherlerinde synlamak mümkin.
Peýdalanylan çeşmeler: