Talyp 💼👨🎓
Türkmen aýdym-saz sungatynda çagalar tematikasy
5 minut alar
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de nesil dowamatyny ýöretýän Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar çagalaryň mekany bolan ata watanymyzda Bütindünýa çagalar guramasy tarapyndan ykrar edilen UNICEF Çagalary goramagyň halkara güni bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk bagtyýar geljegi bolan çagalarymyz üçin birnäçe seýilgähler, dynç alyş we sagaldyş merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda biziň medeniýet we sungat ulgamynyň çäginde birnäçe dabaraly çäreler ýurdumyzda giňden dabara bilen bellenilip geçilýär.
Türkmen saz sungatynda çagalar tematikasy giň orny eýeleýär. Muňa mysal edip, ilkinji türkmen kompozitorlary Aşyr Kulyýewiň 1937-nji ýylda fortepiano üçin çagalar sýuitasy, Weli Ahmedowyň K. Taňrygulyýewiň sözlerine döredilen çagalar üçin aýdymlary, «Salam berýäris» atly çagalar hory üçin, Weli Muhadowyň dostlukly türk doganlarymyzyň çagalar hory üçin «Biz Atatürkiň zürýatlary» atly hor üçin eseri, Rejep Rejepowyň çagalar üçin ilkinji döreden «Ýartygulak» atly operasy, Nury Muhadowyň Matweý Rawiç bilen bilelikde «Täsin tebip» baleti, hem-de çagalar hory we fortepiano üçin A. Haýydowyň goşgularyna «Gülälek» (1959), «Şöhrat aýdymy» (1959), «Çopan oglan» (1959), «Gara deňziň kenarynda» (1959), A. Çüriýewiň goşgusyna «Gül mekanyň bahar-ýazy» (1979), M. Myşşyýewiň goşgularyna «Goraň çagaň bagtyny» (1979), «Çaga dünýäň geljegi» (1979), R. Seýidowyň goşgusyna «Ur, baraban» (1951), G. Muhtarowyň goşgusyna «Gyzyl galstuk» (1952), K. Gurbannepesowyň goşgusyna «Nazar janyň piljagazy» (1959), A. Haýydowyň goşgularyna «Bagda alma bişipdir» (1959), «Tüýdükçi Myratly» (1959) we kamera-instrumental üçin Çagalar üçin dokuz sany ýönekeý fortepiano pýesalary (ÇSM, I–IV synplary üçin, 1970), Skripka üçin on bir sany pýesa (ÇSM, I–III synplary üçin, 1970) eserlerini döretýär.
Kompozitor Durdy Nuryýew çagalar sazy ulgamynda has önjeýli işleýär. Bu kompozitor professional saz döredijiliginde çagalar sazyny döretmekde ussat hasaplanýar. Onuň «Çagalar albomy» atly fortepiano üçin toplumy, «Erteki» atly toplumy kompozitoryň 12 sany fortepiano üçin sazlardan ybarat bolan ikinji toplumy peýda bolýar. Kompozitoryň bu toplumy gysga wagtyň içinde uly meşhurlyga eýe bolýar. «Kiçijik balykçy», «Ekspromt», «Tans», «Saz gutujygy», «Ýaşlar aýdymy», «Wals» we beýleki saz eserleri bolsa çagalar sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň repertuaryna girýär. türkmen telewideniýesiniň sazly redaksiýasyna ýolbaşçylyk edýär.
Şol bir wagtyň özünde, ol iň oňat saz eserleriniň biri bolan çagalar üçin Goşa Japarowyň librettosyna «Mähirli jadygöý» baletini ýazýar. Balet 1971-nji ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň sahnasynda goýulýar
Kompozitoryň döredijiliginde çagalar üçin ýazylan aýdymlara aýratyn orun degişlidir. Olar saz diliniň çeperligi we mähirliligi bilen tapawutlanýar. «Toýa ýör, toýa», «Babamyz», «Gurjagym», «Bagtyýar nesil» ýaly aýdymlar mekdep okuwçylarynyň we hor toparlarynyň repertuaryna berk ornaşýar. Başgada çagalar hory üçin N. Baýramowyň goşgularyna «Öseliň tiz, öseliň» (1959), «Toýa ýör, toýa» (1968), H. Seýidiň goşgusyna «Babamyz» (1969), A. Kekilowyň goşgusyna «Kepderi» (1972), G. Burunowyň goşgusyna «Gazlar» (1972), A. Çüriýewiň goşgusyna «Bagtyýar nesil» (1977) we başga birnäçe eserleri döredipdir.
Ussat kompozitor Nury Halmämmedow hem «Pursatlar» diýip atlandyran çagalar üçin pýesalarynyň üç sany depderi (1973, 1976, 1981) fortepiano üçin okuw-mugallymçylyk edebiýata gymmatly goşant bolýar. Bu eserler özleriniň göwrümi, ussatlyk derejesi we pikirleriniň beýan edilişi boýunça bu pýesalar «miniatýura» formasynyň çäklerinden çykýarlar. Kompozitor bu ýerde pýesalary organ sazlaryna ýakynlaşdyrmaga, olary konsert meýilnamaly eserler etmeklige çalşypdyr.
Başgada kompozitorlar Rejep Allaýarow, Rejep Gutlyýew Sapar Nuryýew, Amandurdy Agajykow, Daňatar Hydyrow, Suhan Tüýliýew, Kerimguly Garowow, Zulfiýa Jumagulyýewa, Jahan Paýtakowa, Aýna Şirowa hem-de ýaş kompozitorlar Kerim Jumagulyýew, Nury Ataýew, Myrat Annamyradow, Tylla Öwezowa, ýaly kompozitorlar hem birnäçe çagalar üçin eserleri döretýär.
Çary Nurymow, Baýramdurdy Hudaýnazarow ýaly kompozitorlar hem bu temada eserler döredip, başgasa ýurdumyzda geçirilýän çagalar we ýetginjekler üçin sazly hepdelikleri geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň başlygy bolýar, ençeme gezek çagalar sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň ýurt möçberinde geçirilen «Gulbaba», «Körpe bilbiller», atly bäsleşikleriniň eminlerine ýolbaşçylyk edýär.
Aýdymlarynyň köpüsi görnükli türkmen şahyrlary A. Atajanowyň, A. Kowusowyň, N. Baýramowyň, A. Haýydowyň, R. Seýidowyň, A. Agabaýewiň, G. Şamyýewiň, A. Çüriýewiň we beýlekileriň goşgularyna ýazylypdyr.
Garaşsyzlyk döwründe hem çagalar baradaky tema giň gerime eýe bolýar. Bu döwürde çagalar üçin aýdymlar J. Gurbangylyjowanyň, K. Garowowyň döredijiliginde esasy orny eýeleýär. Bu kompozitorlar özüniň aýdymlarynda ösüp gelýän ýaş nesliň mähriban ülkämize, onuň tebigatyna, durmuşa bolan söýgini terbiýelemek, töwerek-daşymyzy gurşap alan dünýä şahyrana garamak duýgusyny ösdürmek isleýär. Ady agzalan kompozitorlaryň çagalara bagyşlap ýazan eserleri özüniň aýdyň beýany, lirika we duýgy äheňleri bilen ýeňil ýatda saklanyp, köp wagtlap ýadyňda galýar.
Başga-da «Aýdym-saz» atly okuw gollanmalary 1-5-nji synplarynyň arasynda orta mekdeplerde geçirilýär. Başgada «Geliň, aýdym aýdalyň», «Aýdym aýdyp, saz çalyp..., B. Alyýewiň, H. Amangeldiýewiň, T. Hudaýbergenowanyň «Aýdym-saz we ony çagalarda okatmagyň usulyýeti» ýaly okuw gollanmalary çapdan çykdy.
Çagalar temasyna bagyşlanyp 2019-njy ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Agajan Açylowyň «Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde çagalar üçin saz eserleri» atly sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty atly alymlyk derejesini almak üçin kandidatlyk dissertasiýasy goraldy
Çagalar üçin döredilen bu okuw gollanmalar, kitaplar edilen işler okyjylaryň giň köpçüligini Türkmenistanyň kompozitorlary bilen tanyşdyrmakda, olaryň türkmen saz medeniýetini ösdürmekdäki ornuny görkezmekde peýdaly eser diýip belläp bolar. Ol ýokary okuw, ýörite sazçylyk, çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň okuwçylaryna we mugallymlaryna niýetlenilýär.
Bagtyýar çagalaryň mekany bolan ýurdumyzda ýaş çagalarynymyzyň durmuşy we geljegi üçin uly aladalary edip, olar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtmak isleýärin. Goý, olaryň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn
KUWWAT ÝOWBASAROW
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Sazşynaslyk» hünäriniň IV ýyl talyby, ýaş alym