Teswirler (8)

Ýüklenýär...
User Avatar

Temperatura - Kelwin we Selsius

2 minut alar

Kelwin we Selsius - bular temperaturanyň ölçeg birlikleridir. Fizika/himiýa bilen gyzyklanýanlar bularyň tapawudyny eýýäm bilýändir, ýöne bular nireden gelip çykýar?

Bularyň tapawudyna geçmezden öň, ilki bilen temperatura we gyzgynlygyň nämedigine düşüneli. 

Temperatura - bu bir maddany emele getirýän atomlaryň biri-biri bilen çakyşyp, wibrasiýa netijesinde emele getirýän energiýasynyň ortaça bahasydyr. Ýagny, pes temperaturada atomlar has haýal hereket edýärler, we biri-birileri bilen has az çakyşyp has az energiýa döredýär. Ýokary temperatura-da bolsa atomlar has tiz hereket edýärler we biri-birilerine sürtünip has köp energiýa emele getirýärler.

Bir obýekti gyzdyrmak üçin näme etmeli?

Bir jisimiň temperaturasyny artdyrmak üçin oňa ýylylyk ulanmalydyrys. Muňa mysal edip gyşda öýümizi gyzdyrmak üçin ýyladyjyny işledýänimizi getirip bileris. Ýyladyjy öýümiziň howasyna tarap ýylylyk ulanyp onuň temperaturasyny artdyrýar. Bu ýylylygy döretmek üçin bolsa köplenç ýa elektrik ulanýarys ýa-da tebigy gaz. Howa sowadygyça has köp energiýa ulanyp öýümizi has hem köp gyzdyryp bilýäris. Eger öýümizi 30 gradus Selsius-a ýetirmek islesek şonça-da gaz/elektrik ulanyp ýetirip bilýäris. Eger öýi 100 gradus etmek islesek onda has hem köp energiýa ulanyp 100 gradusa ýetirip bilýäris. 

Ýöne munuň limidi nirede? 

Teoriýada, eger elimizde soňsuz energiýa bolsady biz islän maddamyzy soňsuz derejede gyzdyryp bilerdik. Aslynda bir maddanyň maksimum gyzgynlyk derejesi elimizde näçe köp energiýanyň barlygyna baglydyr.

Bir obýekti sowatmak üçin näme etmeli?

Sowuklyk - bu aslynda gyzgynlygyň ýoklugydyr. Ylmy taýdan aýtsak, sowuklyk diýmek, atomlaryň has ýuwaş hereket etmegidir. Bir obýekti sowatmak üçin şol obýektden gyzgynlygy aýyryp başlamaly. 

Ýene öýümizden mysal hökmünde gitsek, tomus güni öýümizi sowatmak üçin kondisioner ulanýarys. Kondisioneriň funksiýasy öýüň içindäki gyzgynlygy alyp daşary çykarmakdyr. Tomusda kondisioneriň daşardaky wentilýatorly böleginiň öňünde durup gören bolsaňyz gyzgyn üfleýändir.

Ýöne gyzgynlygy aýyryp dursak soňunda nirä ýetýäris?

Kelwin

Indi gyzgynlygy artdyrmak üçin energiýa ulanyp jisimiň gyzgynlygyny soňsuza çenli artdyryp biljegimizi öwrendik, ýöne bir jisimdäki ähli gyzgynlygy aýyrsak näme? Muňa ylymda absolýut nol Kelwin diýýäris. Ýöne, bir jisimdäki ähli gyzgynlygy aýyrmak diýmek üçin bize soňsuz energiýa gerek bolar. Sebäbi nol gradusa ýakynlaşdygymyzça galan gyzgynlygy aýyryp bilmek üçin has köp energiýa ulanmaly bolýarys, nola ýetmek üçin bolsa soňsuz energiýa gerek. Praktikada bolsa adamzat entege çenli beýle açyş edip bilmedi, şol sebäpdenem absolýut nol gradusa ýeten we bilinýän hiç bir madda ýok.

Netijede Kelwin 0 bilen soňsuz arasynda bolup bilýär (0 - ♾️) eken.

Selsius

Selsius - bu temperaturany metrik sistemada ölçäp bilmek üçin döredildi. Santimetr, metr, kilometr diýip onluk sistemada ulanýan ölçeg birliklerimizi standartlaşdyrmak üçin santi-grad diýip ölçeg birligi oýlap tapylýar, soňra munyň oýlap tapyjysynyň şanyna Selsius diýip at berýärler. Bu ölçeg birliginiň aýratynlygy 0 gradusda suwuň eremegi/doňmagy, 100 gradusda bolsa suwuň gaýnamagydyr. Santigrad-da gyzgynlygy näçe köp energiýa ulansak şonça hem artdyryp bilýäris, Kelwindäki absolýut nol bolsa santigradda -273.15 gradusdyr.

Netijede Selsius -273.15 gradus bilen soňsuz gradus arasynda bolup bilýär (-273.15 - ♾️).

Absolýut nol gradus barada öň bilýärdiňizmi?

190 |