Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

TEBIGATY GORAMAK – HER BIRIMIZIŇ BORJUMYZ

2 minut alar

Tebigaty goramak diňe döwlet edaralarynyň ýa-da ekologiýa guramalarynyň işi däl. Her bir adam gündelik durmuşynda daşky gurşawa bolan hormatyny görkezmeli. Biz näçe kiçi hem bolsa ädim ätsek-de, ol tebigatyň geljegine täsir edýär.
Suwy we energiýany tygşytlamak, zyňyndylary tertiplemek, gaýtadan işlemek – bularyň hemmesi daşky gurşawy goramagyň esasy usullarydyr. Şeýle-de bolsa, iň möhüm zat – düşünje we terbiýe. Eger çagalar ýaşlykdan tebigata hormat goýmagy öwrenýän bolsalar, geljekde olary goramak has aňsat bolar.
Tebigat adamzadyň ýaşaýşynda örän möhüm orny eýeleýär. Ol diňe bir gözellik manysynda düşünilmän, eýsem ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän çeşme hökmünde kabul edilýär. Tebigy baýlyklaryň, ýagny suw, howa, toprak we biologiki dürlüligiň barlygy adamlaryň ýaşaýyş derejesine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin tebigaty goramak we onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak häzirkizaman jemgyýetiniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.
Dünýä ýüzünde ekologiýa bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleler adamyň tebigata edýän täsiriniň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgüni ösdürmek döwlet derejesindäki syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan işler diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem bähbitlerine hyzmat edýär. Tebigata jogapkärçilikli çemeleşmek bolsa, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Her birimiziň edýän kiçijek işlerimiz birleşip, uly täsir döredip biler. Şonuň üçin, tebigaty goramak – diňe bir borç däl, eýsem ynsanperwerlikdir.

Agabaý ÝEGŞEMOW,
“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň
agzalyk işleri boýunça hünärmeni.

5 |