Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

TEBIGATY GORAMAK – BIZIŇ GELJEGIMIZIŇ KEPILI

3 minut alar

Dünýäniň ähli ýurtlarynda tebigaty goramak, ekologiýa arassalygyny saklamak meselesi iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Sebäbi ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi diňe bir ykdysady ösüşe ýa-da ylmy-tehnologiki ösüşe bagly däldir. Adamzadyň ýaşaýşynyň binýady bolan arassa howa, süýji suw, baý toprak, ýaşyl tebigat, ösümlik we haýwanat dünýäsi aýawly saklanmasa, hiç hili ösüşiň gymmaty galmaz. Şonuň üçin ekologiýa – diňe bir tebigaty goramak däl, eýsem jemgyýetiň geljegini, nesilleriň abadançylygyny goramak diýmekdir.
Adamzat müňýyllyklardan bäri tebigatdan giňden peýdalanyp gelýär. Ýerden ekin ekip iýmit alýar, tokaýlardan agaç alyp öý gurýar, derýalardan balyk tutýar, ot ýakyp, ýylylyk tapýar. Ýöne häzirki wagtda adamzadyň tebigata edýän täsiri öňkülerden has güýçli we çylşyrymly häsiýete eýe boldy. Senagatlaşma, şäherleriň ulalyp gitmegi, tehnologiýanyň ösüşi bilen bir hatarda, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän täze çözgütleriň zerurlygy has-da artdy.
Eger biz tebigata diňe peýdalanyş nukdaýnazaryndan seredip, onuň dikeldiş kuwwatyny göz öňünde tutmasak, geljekki nesiller üçin örän uly howp dörederis. Mysal üçin, tokaýlaryň bökdençsiz kesilmegi netijesinde, ýer ýüzünde ýylylygyň ýokarlanmagy – ýagny ählumumy ýylylyk ýagdaýy ýüze çykýar. Şeýle-de, çölleşme, suw ýetmezçiligi, dürli görnüşli haýwanlaryň ýitip gitmegi ýaly ýagdaýlar ekologiýanyň wajyp meseleleri bolup durýar.
Howanyň arassalygy – adam saglygynyň iň möhüm şertleriniň biridir. Ýöne senagat zawodlaryndan, awtoulaglardan çykýan zäherli gazlar howany hapalaýar. Bu bolsa, diňe bir astma, ýürek keselleri ýaly saglyk kynçylyklaryny döretmän, eýsem, bütin dünýäniň howasynyň üýtgemegine hem sebäp bolýar.
Howany goramagyň esasy ýollary – arassa energiýany, ýagny gün, ýel, suw ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulanmakdyr. Şeýle-de, her bir raýatyň şahsy gatnaşygynyň ähmiýeti uludyr. Mysal üçin, şahsy awtoulagyň ýerine köpçülikleýin ulagdan peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýaly serişdelerden peýdalanmak howany arassalamaga goşant goşýar.
Dünýäniň ähli künjeginde “Suw – ýaşaýşyň çeşmesi” diýilýär. Adamyň ýaşaýşy süýji suwsuz mümkin däldir. Ýöne häzirki wagtda suw çeşmeleri hem uly howp astyndadyr. Senagat galyndylarynyň, himiki serişdeleriň derýalara, köllere düşmegi netijesinde, arassa suw ýetmezçiligi döreýär. Dünýäniň käbir ýerlerinde adamlar arassa içimlik suwuny tapmak üçin ýüzlerçe kilometr ýol geçmeli bolýarlar.
Şonuň üçin suw serişdelerini tygşytly ulanmak, suwlary hapalamazlyk – jemgyýetiň öňünde durýan iň möhüm wezipe bolup durýar. Ekinçilikde tygşytlaýjy suwaryş usullaryny ornaşdyrmak, gündelik durmuşda suwuň gereksiz ýitirilmeginiň öňüni almak arkaly uly peýda gazanyp bolýar.
Ekologiýa diňe hökümetleriň ýa-da halkara guramalaryň çözmeli meselesi däldir. Her bir raýat – tebigaty goramakda gatnaşýan şahsy jogapkärdir. Ýolumyzda çöpleri ýere zyňmazlyk, agaç ekmek, suw we energiýany tygşytly ulanmak ýaly kiçijek işler umumylaşanda uly netijeleri berýär.
Ekologiýa meselesi – diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem, geljek nesilleriň hem aladasydyr. Tebigaty goramak – dünýäniň ähli halklarynyň umumy işi. Her bir şahsyýet, her bir maşgalanyň tebigata aýawly çemeleşmegi bilen biziň ýurdumyz hem, bütin dünýä hem has ýaşyl, has abadan, has arassa bolar.

 

Atabek TULIÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.

3 |