TEBIGATY GORAMAK – ADAMZATDAN GELJEK NESLE AMANAT
1 minut alar
Tebigat bu dünýäniň iň ajaýyp, iň täsin döredijiligi. Ol diňe bir ýaşaýyş çeşmesi däl, eýsem ynsan kalbynyň rahatlygy bolup durýar. Emma häzirki wagtda ekologiýanyň durnuksyzlygy, tebigatyň üýtgäp başlamagy adamzat tarapyndan ýetirilen ýowuz täsirleriň netijesi bolup, ol bizi aladalandyrýan ýagdaýlara getirýär.
Bu ýagdaýda her bir adamyň borjy – tebigata hormat bilen çemeleşmekdir. Tebigaty goramak diňe bir döwlet derejesindäki çäreler bilen çäklenmän, eýsem adamlaryň gündelik durmuşyndaky hereketleri bilen hem berk baglanyşyklydyr. Aglaba adamlaryň tebigata edýän ýaramaz täsiri – ýöriteleşdirilmedik ýerlere zibil taşlamak, agaçlary kesmek, suw çeşmelerini hapalamak ýaly hereketleriň netijesinde ýüze çykýar.
Türkmen halky “Agaç ekmek sogapdyr”, “Suw bar ýer – bereket” ýaly atalar sözleri bilen tebigata bolan söýgüsini we hormatyny elmydama beýik tutupdyr. Şonuň üçin, häzirki ýaşlar hem bu parasatly pähimlerden ugur alyp, daşky gurşawy goramak işlerine işjeň gatnaşmalydyr.
Mekdeplerde, köçelerde, edara-kärhanalarda tebigaty goramak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri diňe bir ekologik bilimi ýokarlandyrman, eýsem jemgyýetiň ekologik medeniýetini hem has-da ösdürer. Her bir agaç ekilen mahalynda, her bir ýöriteleşdirilmedik ýere zibil taşlanan wagtynda – biziň geljegimize goýlan maýa hökmünde düşünilmelidir.
Tebigat – biziň geçmişimiziň janly şaýady, geljegimiziň hem daýanjydyr. Geliň, ony bilelikde gorap, ýaş nesle gözel hem-de arassa dünýäni miras goýalyň!
Mira ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni.