Taýýarlyk

8 minut alar

TAÝÝARLYK

(hekaýa)

 Örän täsin uruş boldy bi.

 Ol agyr goşun bilen uruşmalydy. Goşunyň sap-sap leşgerleri bardy. Gara derýa ýaly akyp gelşinden çen tutup, olaryň soňuna ýetmek, hatda, onuň gözlerine-de başardanokdy. Göz gorkak, el batyrlygyny edip, gözleriniň içine sygdyrybilmeýän goşuny bilen uruşmalydy. Soňuna çykmak gorkunç bolup görünýäni üçin, onuň ähli pikirleri şo goşun hakyndady. Ol adaty goşunlara meňzemeýärdi. San taýdan tükeniksiz bolup görünýändigini hasaba almasaňam, daşky görnüşi boýunça-da, öňki görüp – eşidenlerine çalym edenokdy. Üstlerine gara şal örten Isgenderiň ruhy söweşijilerine meňzäp, olar tutuşlygyna gara eşige gaplanandy. Arasyndan ok geçmez derejede gürdi. Söweş meýdanynda olar her dürli şekilleriň keşbinde jemlenip durdular. Bu olaryň berk düzgün-nyzamlylygyndan habar berýärdi. Hamana, aýrylmaz bölege öwrülen ýaly bolup duruşlary, olaryň daşky sypatyndan eýmenmäge her kimem mejbur ederdi. Özleriniň kimiň başyndan inse, aman gutulmajagyny bildirýän ýowuz keşplerinden habarly ýaly, olar hiç bir zada sarsman durdular. Başa düşen belanyň keşbinde görünmek, megerem, olaryň esasy sarsmaz keşbine aýratyn wajyplyk, zerurlyk ýokundylaryny çaýýardy. Ol bu gara goşunyň keşbine doýmazlyk bilen seredýärdi, ýüregi bolsa gürsüldäp, agzyndan çykaýsam diýýärdi. Ýöne näçe gorkdugyça, seretmek islegi barha güýjeýärdi. Arasynda çoýnuň ýalpyldysyna çalymdaş çal reňkleriň öwşün atýan ýerlerine seredip durşuna, ol şo ýerde goşun serkerdeleriniň bar bolaýmagy hakyndaky pikirlere berildi. Adatça, serkerdeleriň täzeligi bilen tapawutlanýan sowutlary, gylyçlary şeýdip özlerini bildirmelidi. Serkerdeleriň bar bölegi ýa aýratyn gürlügi bilen, ýa-da, açyklygy bilen tapawutlanmalydy. Ähli zatda saýlanmaga endik eden bu hökmürowanlar uruş meýdanynda-da kimdiklerini bildirmän söweş etmeýärdiler. Şo sebäpden ol gara deňiz ýaly gara goşunyň kümüşsöw halka bolup öwşün atýan böleginden çalt ünsüni sowdy. Wajyp ýeri, serkerdeleriň dört tarapyndanam gyslyşyp duran gara goşunyň san-sajaksyz hatarydy. Bu goşun onuň ala meýdanda ýeke tümmek bolup duran gara öýüniň başyndan inip gelýärdi. Gara gazana dönen asmanyň astynda, asman bilen deňeşdireniňde, nokada çalym edýän gara öýüniň öňünde bu süýşüp gelýän goşuny gorky bilen synlap durşuna, onuň asmany başyna çekäýesi gelýärdi. 

  San-sajaksyz gara goşun sanlyja wagtdan onuň daşyna aýlanmakçydy. Tegelek halkanyň arasynda galaryn diýen gorkudan ýaňa onuň dişleri titräp başlady. Dem almasy agyrlaşyp, ol ýerde dikilen heýkele meňzedi. Ne bärik, ne aňryk ädim ätmäge gurbaty çatdy. Haysy zamanlarda bolanam bolsa, birwagt agyr goşundan heder etmeýän adamlaram ýaşapdyrlar. Aňynda ýylp edip giden bu pikir ýaransoň, onuň şol adamlar hakynda oýlanasy geldi. Göwnüne bolmasa, oýlandygyça, olar ýanyndady, köpelip – köpelip, onuň bilen bir egne berip, uruşmaga taýýardy. Şol bir zatlaryň gaýtalanýandygyny, ýöne diňe gahrymanlaryň başgadygyny duýdurýardy. “Bu gezek sen” diýýän ýaly, köpmanyly çagyryş bilen ümleýärdi. Şeýle pikirler bilen olar gelşi ýaly çalt sumap bolup gidýärdiler. Gara goşunyň agyr sulbasy ähli galan – gaçany bilen golaýda ornaşyp başlanyndan soň, onuň ok geçmejek gür hatarynyň bir gyrasy bölünip ugrady. Bu uzak garaşyp dursaň, bölünmeýän zadyň ýokdugyny aňladýardy. Bölünen bölek nandan gaçan owuntyk ýaly, ýene özündenem kiçiräk iküç sany bölegi yzyna tirkedi-de, goşundan eslije aradaşlykda saklandy. Bular, megerem, goşun saerkerdesi bilen ylalaşmadyk topar bolmalydy. Haýsysy bolanda-da, bu bölünişik onuň peýdasynady. Sebäbi goşunda agzalalyk bar bolsa, goý, hatda ol uly nanyň owuntygy ýaly bolaýsyn, barybir bölünişikdi. Azajygam bolsa, hiç zat bermän, gysymyna berk gysyp duran goşun serkerdesinden meýletin üzülen oljady. Bu bölünişigi görenleriň onuň yzyny gaýtalaýmagam ahmaldy. Müň dürli pikirleri bir maksada gulluk etdirýänler bular ýaly bölünişigiň bolmagyna asla ýol bermeýärdiler. Agalyk edýän ýerindäki gozgalaňlary elhençlik bilen basyp ýatyrýanlar hem hut şol pikirden ugur alýardylar. Beýle diýdimzorlugyň näçe wagt dowam etjegi belli bolmasa-da, ol haçanam bolsa birwagt gutarýardy we taryhyň bir sahypasyna öwrülýärdi. Şu asmanyň astynda ebedi zadyň ýokdugyna onuň özi diri meselemdi. Bu pikir bolsa, onuň ýaşaýan ýerindäki iň köp agzalýan pikirdi. Ony hemme zatlardan görmek we tapmak mümkindi. Edil çak edişi ýaly, gara goşun bölünişiginden soň, onuň beýleki taraplarynda-da bölünişik emele gelmäge başlady. Goşun öz içinden dargaýardy. Olar resmi taýdan bir bitewilik ýaly bolup görünse-de, hataryň öňküsi ýaly gür dälliginden, dagynyklygyndan o ýerde bolup geçýän zatlary eliň aýasynda ýaly synlamak mümkindi. Şol wagtda diňe serkerdeleriň goşunda işjeňlik görkezýändigi olaryň çal sowutlaryndan bildirýärdi. Olar gara goşunyň gürlügini ýalpyldaýan gylyçdyr sowutlary bilen çal reňke boýap barýardylar. Indi bölünmäge maý bermejek bolýan ýaly ýaýraýardylar. Bu görnüş garanyň üstünden çal reňkiň agalyk edişini, garany öz çarçuwasyndan çykarman, ony öz reňkine öwrüşine çalym edýärdi. Serkerdeler goşun agzalalygyny güýç bilen basyp ýatyrdylar. Goşunyň ähli tarapyny galdap, ähli gapdalyna goşuldylar, käbirleri goşunyň içine-de siňdi. Şeýdip, olar göreniňde, iniňi tikenekledýän görnüşi emele getirdiler. Olaryň şeýle tizlik bilen bu hereketleri amala aşyrmagy, diýseň-diýmeseň, tejribeliliginden, anyk parasatlylygyndan habar berýärdi. Ýene bir bellemeli zat, “ähli zatlar öz wagtynda, öz ýerinde amala aşýar” diýlişi ýaly,indi onuňam gorkusy kiparlap ugrapdy. Serkerdeler sebäpli, ýokary gören gurluşynda bolup geçen üýtgeşmeler ony dogumlandyrdy. Şol wagt aralykda ol urşa girip, uruşmaly boljakdygyny boýun alyp ýetişdi. Gutulgysyzlykdan bolsa gorkmaly däldi-de, ýa bir alajyny tapmalydy, ýa-da kaýyl gelmelidi. Şonda ol soragsyz zatsyz, hiç kime duýdurmazdan, maksadyny mälim etmezden, öz üstlerine dökülen bu agyr sülsat bilen diňe urşup, kaýyl gelip boljakdygyna düşündi. Sebäbi goşun bolup, üstüňe sürnüp gelensoň, seniň uruşmakdan başga alajyň ýokdy. Belki, bardyram. Ýöne ol muny bilenokdy. Alaç tapmak ýaly akylly netijedir kararlary, megerem, uruşmagy oýlap tapanlar has gowy başarýardy. Bu şeýle-de bolup çykdy. Garşydaşynyň yza serpikmejegini, urşy uruş bilen kabul etjekdigini, boýun egmejekdigini bilen gara goşun bolup geçen bölünişikden soň, pikirini üýtgetdi. Ol ylalaşyk baglaşmagy teklip edýärdi. Çapar bolup gelen topar, megerem, sungat ussatlaryndan düzülen bolmalydy. Olar ylalaşygy teklip etmek bilen özleriniň şahandaz tebigatlydyklaryny bildirmäge çalyşýardylar. Örän ymsyndyryjy, ruhuňy göteriji gürrüňleri oýlap tapýardylar. Şu ýyl ygalyň bol düşüp, ýerde bereket bolçulygy boljakdygy hakynda yzyny üzmän jedelleşýärdiler. Hamana, boljak bolup duran uruşdan bihabar ýaly ýagdaýy döretmäge, özlerini diňe parahatçylygyň tarapdarlary, sada zähmetkeşlerdir açykgöwünli sungat wekilleri hökmünde görkezmäge synanyşýardylar. Hasylyň artyp, asmandan ygal däl-de, nur ýagjakdygyny, bereketiň artyp, bu topraklara mübärek gadamlaryň düşjekdigini, şonda şahandaz kalplaryň aýdymdyr saz bilen göçjekdigini, söýgüli zenanlary bilen bagry badaşyp, söýüşjekdiklerini gaýtalaýardylar. Bu gürrüňleriň haçan eýýamdan bäri aýdylýan gürrüňdigine seretmezden, ony birinji gezek – terligine we tämizligine aýdýan ýaly, uly joşgun bilen gepleýärdiler. Çaparlaryň şähdaçyk, şahandaz görnüşi onuň göwnünden turdy. Göwnüne bolmasa, çaparlaryň getiren ylalaşyk habaryndan soň jahan ýagtylan ýaly boldy. Şol keýpiçaglykda çöl ojarynyň ysy burnuna dolup, çaparlara äpet asmanyň kinniwanja nokady ýaly bolup görünýän gara öýüne girmegi mürähet etdi. Çaparlary myhman almak bilen onuň hem-ä burnuny gaplap alyp barýan ojar oduna çoýunyp çaý içesi gelýärdi, hemem maňlaý deri siňen topragyny, topragy bile paýlaşýan ulus ilini görkezesi gelýärdi. Ýöne çaparlar onuň çakylygyny sypaýylyk bilen ret etdiler. Olar “Yzymyzy ýel çalmanka, garamyzy saýlaly” – diýşen bolsalar-da, howlukmaçlygynyň sebäbini aýtman gitmediler. Çaparlar gara goşuna dolanyp barmalydygyny, ylalaşygyň kabul edilendigi baradaky habary haýal etmän, goşun serkerdelerine ýetirmelidigini mälim etdiler. Şonda näme üçindir, onuň göwnüne çaparlaryň bu bolşy ýaramady. Mürähetiň alynmandygy üçinem däldi-de, olaryň öz etmeli işini edip, başga zada pitiwa bermeýändigi kalbynda şübhe uçgunjyklaryny oýarjak boldy. Olaryň şu çaka çenli oýnan sahnalarynyň ýasama we ýalan bolaýmagynyň mümkindigi baradaky ýakymsyz pikir serine doldy. “Hmm” – diýip, içini hümleden çagy gara toplaryň gümmürdisi eşidilip, ol bu sese tisginip gitdi. Çaparlar bilen sag bollaşyp durşuna, olaryň çaltlyk bilen howada erän ýaly,  gidişine üns berdi. “Ýogsa-da, olar top sesleri zerarly çaltlyk bilen sumat boldularmyka? Bu nähilidir bir harby hiläniň görnüşimikä? Meni çaparlar bilen güýmäp, olar türgenleşik taýýarlygyny geçýärmikäler? Bu öňünden gurnalan-a meňzeýär” – diýip, ol ýene içinden pikirlendi. Top sesleriniň gümmürdisi pessaýlan bolsa-da, ýatmaýardy. Goşun uruş üçin taýýarlyk görýän bolmalydy. Onuň pikiriçe, bu ýagdaý diňe bir zady aňladýardy. Çaparlaryň ylalaşyk hakdaky oňyn razylygy alyp barýandygyna seretmezden, top oklarynyň sesi ýatmaýardy. Goşun harby nyzamyny pozman, henizem taýýarlyk ýagdaýynda durdy. Olar şeýdip hem-ä öz güýjüni barlap görýärdiler, hem-de garşydaşynyň howuny basmak isleýärdiler. Bu islegiň näderejede güýçlüdigi diňe top oklaryndan däl, olaryň agyr gümmürdisinden soň, ýitilik bilen gulagyňy kesip gidýän gylyçdyr naýzalaryň sesinde-de bildirýärdi. Olaryň ylalaşyk baglaşmak üçin çapar iberip, top oklarydyr gylyçlary bilen görkezme çykyşlaryny gurnamagy ýene bir zady hem aňladýardy. Eger olar uruşmaga taýýar bolsalar, görkezişleri ýaly, güýçleriniň artykdygyna ynanýan bolsalar, onda ylalaşyk baglaşmak baradaky teklip biderek bolmalydy. Gara goşunyň “Isleseň, dost bolaly, bolmasa biz duşmançylyga-da taýýar” – diýip, hemle atyşyna ol ynanmady. Pikirlerinden ýaňa sussy basylmady. Sebäbi ol çagalykdan urşujy bolup doglandy. Olar hemme zady  gazanyp alýardylar. Alynyň ala meýdanynda, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmaga olar çagalykdan taýýarlanýardy. Şo pikir bilen ösýärdi, şo pikir bilenem ölýärdi. Olar hemmez zadyň wagtlaýyndygyna hiç bir kitapdan okaman düşünýärdiler, has dogrusy, bu pikir olaryň ganyna siňmegini tä soňky demine çenli dowam etdirýän pikirdi. Şol sebäpli ol diňe urşup, kaýyl gelip bilýärdi. Şol sebäpden ol diňe urşup, rahatlyk tapyp bilýärdi. Gan bilen giren jan bilen çykýar dälmi näme?! Çaparlaryň ylalaşyk hakdaky teklibini ol “Aman diläne rehim et” ýörelgesi boýunça kabul etdi. Bu ýerlerde hemmeler şeýdýärdiler. Bu pikiri obadaşlarynyň, ulus-iliniň goldajakdygyna şek şübhe ýokdy. Şeýle niýet bilen yzyna öwrülenem şoldy welin, gara goşun tarapdan san – sajaksyz oklar oňa tarap okdurylyp gaýtdylar. Olar yzly-yzyna, bir pursatam boş geçirmän, oňa tarap hüjüm edýärdiler. Tutuş bedenini dolduran oklaryň zarbyndan ýaňa ol ýere ýazyldy. Ene topragyň öljümek ysy bilen garyşan ojaryň ysy burnuna dolup, ol gözüni ýumdy. Essi aýylyp, onuň mundan beýläk bolup geçýänleri saýgarmaga güýji ýetjek däldi. Häzir hemme zat ýuwaşjadan ýitip, gözüniň öňi ümezläp, ol hyýal bilen hakykatyň arasyny ýitirip barýardy. Ýöne şo pursatda-da ol ýadaw bolsa-da, razylyk bilen dem alýardy. Özüniň tutuş goşunyň garşysyna durup söweşe girip bilýändigi ýadyna düşende,  çalaja ýylgyrdy-da, ojaryň ysy bilen garyşan toprak ysyna ymykly melul bolup, gözüni ýumdy. Hawa, birwagtlar tutuş goşuna garşy çykyp bilýän batyrýürek adamlar ýaşapdyr. Ýöne indi adamlar bular ýaly uruşmaýarlar. Hawa, indi adamlar düýbünden bular ýaly uruşmaýarlar.

 Gara bulutlar gara goşun deýin agyr sulsadyny  göterip – götermänkä, naýzadyr gylyçlaryň sesi ýaly gulagyňy kesip gidýän ýyldyrymlaryň çakyşmasy gutardy. Gara bulutlar ähli  ýagyş ýagmyryny oklar deýin ene zeminiň üstünden inderip bolansoň, çapar bolup gelen dumanlaryň, hakykatdanam, bu ýyl bereketiň bol boljakdygy hakyndaky habarynyň dogrudygyna ol düşüner. Ojar ysy bilen garyşyk topragyň ysyndan aýňalyp, ony öper-de, äpet asmanyň astynda kinniwanja nokada çalym edýän gara öýüne tarap zymdyrylyp gider. Ýagyş ýagdy, ýere bereket indi. Indi bol hasylyň aladasyny etmek gerek.

 

Bägül ATAÝEWA

 

 

 

 

22|
|