Bagul Atayeva@bagul08
8 minut alarTaýýarlyk
TAÝÝARLYK (hekaýa) Örän täsin uruş boldy bi. Ol agyr goşun bilen uruşmalydy. Goşunyň sap-sap leşgerleri bardy. Gara derýa ýaly akyp gelşinden çen tutup, olaryň soňuna ýetmek, hatda, onuň gözlerine-de başardanokdy. Göz gorkak, el batyrlygyny edip, gözleriniň içine sygdyrybilmeýän goşuny bilen uruşmalydy. Soňuna çykmak gorkunç bolup görünýäni üçin, onuň ähli pikirleri şo goşun hakyndady. Ol adaty goşunlara meňzemeýärdi. San taýdan tükeniksiz bolup görünýändigini hasaba almasaňam, daşky görnüşi boýunça-da, öňki görüp – eşidenlerine çalym edenokdy. Üstlerine gara…