Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

tan kyt :P :)

1 minut alar

Salam. Biz bugün şu ýerde, şu ýeriň özüni tankytlamaga geldik. Gowy taraplaram bar welin, kem ýerlerem bar. Öňe çykýan makalalaryň nähili algoritmde öňe çykýandygyna düşüner ýaly däl. Näme üçin “soňky paýlaşylanlar” ýeri aýryldy oňa-da düşünmedik.

Ýazgylarymyza gelen teswirleri gözläp tapmaly ýa-da Allajanyň özi öňümizden çykarmaly!.

Öňe çykýan ýazgylaryň teswirlere görä öňe çykmagy geň. Birem täzeräkligem täsir edýän ýaly. Käbirleri bolsa türkmençilikdäki(!) ýaly öňe çykýana meňzeýär. Garaz hälki aýdyşymyz ýaly, bizä düşünmedik.

Şonuň üçin “makalam”-da birzatlar paýlaşmak sowuk gelip başlady. Näme üçin biz öňe çykmaga dyrjaşmaly?! Diňe ýazgymyzy paýlaşyp, bize gelýän bildirişleri görsek bolmazmy?! Aslynda aýrylan ýer “öňe çykanlar” ýeri bolsady hiç neneň bolmazdy.

Belki meniň bilen ylalaşýandyrsyňyz, belki-de ylalaşýan däldirsiňiz. Ýöne şu ýerde size telefonuma alyp goýan bir suratymdaky ýazgynyň terjimesi bilen ýüzlenmek isleýärin; “Ýalňyşym bar bolsa, ýalňyşýandyrsyňyz!.” Gynanmaň, ýalňyşsyz adam barmy näme?! :P :)

9 |