4 minut alar
Özüňize ynamy nädip gazanmaly?
Adamyň özüne ynanmagy onuň durmuşynyň islendik pursatynda wajyp bolan zatdyr. Özüňe bolan ynam hemme zadyň başlangyjydyr. Ynam bolmasa döredijilik bolmaýar. Döredijilik bolmasa hiç bir zat, şol sanda emeli gurşaw hem bolmaýar. Emeli gurşawa-da adam tarapyndan döredilýän emeli gymmatlyklaryň ählisi girýär. Ynam bar ýerde umyt bardyr. Bu zatlar barada aýdylara gep kän bolsa-da köp kişiniň özüne bolan ynamy juda pes. Biz bu makalamyzda, özüňe ynanmak we ony gazanmak bilen baglanyşykly käbir zatlar barada gürrüň edip geçeris.…