Usulyýet

Ýylmaz Erdogan'dan ssenaristlik sapaklary

Kyssaçy, ssenarist, pýesaçy, žurnalist... islendik ugurda ýazyjy bolmak üçin bilesigeliji bolmak möhümdir. Ýazyjylygyň ýarysy syn etmekden ybaratdyr, muňa öýden başlaň. Okamagy söýseňiz ýalňyz galmarsyňyz, boş wagtyňyz bolmaz. Hatda, wagta "boş" diýmersiňiz. Ssenaristlik - Allah'yň ýazan ssenarisine syn edip, şaýat bolup, wakalary Onuňky ýaly hakykatçyl beýana (ýazga) getirip bilmekdir. Meşhur munazara (çekeleşme) bardyr:"Köp okan has köp bilermi, köp gezen?" Men muňa üçünji saýlaw bilen jogap berýän - köp bilesigelijilik (merak) eden. Köp bilesigelijilik eden köp okar,…

Täsirli sözleýişiň usulyýeti…

Biziň aýdýanlarymyz esasan adamlaryň logikasyna ýüzlenýändir. Şeýle-de bolsa, muny nädip aýdýanlygymyz, ýagny dilden däl aragatnaşygymyz (beden dili + ses äheňi / stili) adamlaryň duýgularyna täsir edýär we onuň täsiri (maglumaty kabul etmeklerinde) gaty ähmiýetlidir (güýçlidir). Şonuň üçin adamlara nämäni aýdýandygyňyz däl-de, nädip aýtýandygyňyz möhümdir we bu bize berilýän baha gönüden-göni täsir edýär. -diýip, bu çykyş bilen, ýokary okuw jaýlarynyň birinde “täsirli prezentasiýa usullary” okuwynyň dowamynda owadan ýürekli ynsanlara ýüzlendim. Goşmaça 3–4 gatnaşyjymyz hersi 3 minutlyk…