Tymsal

NUR SAÇMAK

Firmanyň eýesi garry bir adam hassa bolupdy. Indi günleriniň salgydygyny duýýardy. Garry adamyň üç ogly bardy. Ogullaryny ýanyna çagyrdy. Olara indi garrylygyndan işiň başynda durmagyna päsgel berýändiginden aýtdy. Geljek bilen baglanyşykly ogullaryna öwüt-ündew berdi. “Üçüňizde meniň çagalarym, ogullarymsyňyz. ” diýdi. “Içiňizden haýsyňyzyň firmamyzyň başyna geçmeli, muňa karar bermek örän kyn. Men ölemden soň hem gatnaşygyňyzyň bulaşmagany islämok. Şol sebäpden siziň haýsyňyzyň işe mynsypdygyňyzy bilmek üçin sizi synaga salmaga karar berdim. Üçüňizide 100 manat berjek. Häzir…

Akyllarymyz barada

Bir üýşmeleňde tutan işi ýol alman, paltasy daşa degen bir bende kyn gününden zeýrenip oturan eken. Şol meselelerden başy çykýan akylly we tejribeli biri ýagşylyk etmek niýeti bilen oňa jaýdar maslahatlary beripdir. “Sag bol” aýdarmyka diýseler, gaýrtam ýaňky işigaýdan özüne çykalga salgy beren hünärmen kişi bilen gazaply jedele girişip, özüniň ondan kem akylly däldigini subut etmekçi bolupdyr. Onda ýaňky hamrak kişi: − Meniň-ä aýtmadygym, inim, öňki ýagdaýyň bilen boluber onda – diýip, ondan “başyny satyn…

Hemişe bolşy ýaly (Tymsal)

Gagym döwürde Günorta Gresiýadaky Lakoniýa diýlen ýurtda ýaşan lakonlar (olara şol ýerdäki şäher-döwletiň ady boýunça spartalylar hem diýilýär) örän merdanalygy, sada durmuş ýörelgesi hem-de iňňän ýowuz tälim-terbiýesi bilen tapawutlanypdyrlar. Lakonlaryň ýene bir häsiýetli aýratynlygy – az sözlülik bolan. Olar öz pikir-duýgularyny gysgadan manyly jümlä sygdyrypdyrlar, jogaplary bolsa birki sözden ybarat bolupdyr. “Daş heýkeller hem biziň ogullarymyzdan köp gürleýändirler” diýip, spartaly gojalar degişer ekenler. Häzirki wagtda hem çöp döwen ýaly gysga we anyk jogaba “lakonik jogap”…

Hemişe bolşy ýaly (Tymsal)

Özi ekeni...

Uçar menzilindäki dükançada satylýan gaýmaklyja kökäniň hyrydary az däldi. Bir ýaş zenan hem ol kökeden bir gutusyny aldy-da, ýantorbasyna saldy. Soňra ol kitaphon gelin golaýdaky kitap-žurnal satylýan dükançada hem ep-esli eglendi. Onuň uçarynyň ugramagyna bir sagat dagy wagt bardy. Ýaş zenan uzyn oturgyçda ýer tapyp, rahat oturdy-da, täze satyn alan kitabyna gümra boldy. Gapdalyndaky kökeli guta käwagt elini ýetirip, agzyny süýjedip oturan gelin ýanyndaky nätanyş ýigidiň arada duran gutudan käte birki kökäni alyp iýýändigini duýdy.…

Özi ekeni...