2 minut alar
GELIŇ, KINO HAKYNDA GÜRRÜŇ EDELIŇ
Biziň döwrümizde kino hakynda köp gürrüň edilerdi. Hiç kimiň aladasy görünmek däldi, görenlerini aýtmakdy. Hasam Şükür bagşy kinosy ýaňy çykaýan döwürlerde. Bu kinony gören haýrandy. Hatda Çingiz Aýtmatam ony gowy görüpdir diýişerdik. Uly ýazyjyň Şükür bagşa beren bahasy her kimiň dilindedi. Şükür bagşyny täzelikde-de gördüm. Onuň şol gowulygy. Könelmändirem, “häh şu taýsyny oňarmandyrlar ekenowam” diýdirenok. Soň pikir etdim, bu kino näme üçin şeýle täsirlikä? Şükür bagşy köpçülige görä pikir edenok. Onuň ýaşaýyşa, bolýan wakalara özüçe…