2 minut alar
Ýüregimiz ýukalmasyn
Egin-eşik näçe köp geýildigiçe sary gitmek bilen bolýar. Kä ýerleri has ýukalýar. Joraplaň geýildigiçe ökjesi ýukalyp ýyrtylagan bolýar. illeň köýneginiň nähili ýukalýandygyny bilemok, meň öýde geýýän köýneklerimiň dyzlary ýukalyp ýyrtylagan. Kiçijikkämem şeýledi. Ýöne o wagtlar geýilmekden ýaňa däl-de bir ýere ilişip ýyrtylardy. Ýama ýamanymda dynç alýan birine öwrüldim-şo ýyllardan bäri. Arada bir günem köýnegimi ýamadym. Ejem: “Şunyňy aýap geýýäý diýdim-ä”—diýýär. Içimden bir türk ştapeli 5 ýyldan köp nähili aýap geýip boljagy hakynda pikirlenýän... Şol köýnegimi…