Pikir Alyşmak

Pikir alyşmagyň peýdasy

Internetde, dürli edebiýat saýtlaryna agza bolup, olardaky pikir alyşmalara, söhbetdeşliklere içgin gatnaşyp, bahana bilen juda kän zat öwrendim. Şoň üçinem minnetdar. Ýerli-ýerden, düşünýän-düşünmeýän tarapyndan, derekli-dereksiz «kesek oklana-oklana», ýazmagyň üstünde, käte gaharlanyp, käte göwnüm geçip, käte şowly çykan jümlelerden ýaňa başym aýlanyp, käte guwanyp, käte buýsanyp, käte düýbünden elim sowap, ýaman kän işledim. Hasylynam gördüm, görýän, belki, nesip edip ýörse ýene-de görerin. Özümiňkä-hä şeýlebir dergazap zabun, rehim-şepagatsyz seretmäge, illeriňkä-de şeýlebir dözümsiz, geçirimli garamaga endik edindim. Öňki…

Pikir alyşmagyň peýdasy

ŞEMAL BILEN SÖHBET

Aňyrsy görnüp duran, ýuka tutyny çalaja galgadyp, açyk penjireden şemal öýüme girdi. Geldi-de elini egnime goýdy. Men onuň elini gysmakçy boldum. Ol bolsa, boýnuma saraldy. Soňam boýnuma münüp, aýaklaryny egnime atdy öýdýän. Gulaklarymyň uçlaryna çenli degen ondan başga kim bolsun! Haýran galaýmaly, boýnuňa münse-de ondan hiç zat gaty görlenok?! Çalaja saçymy sypady. Elini gysyp ýetişmänkäň boýnuňdan gujaklap, soňam aýaklaryny iki egniňden sallap oturýan myhmanymy nähili garşylajagymy bilmämsoň, näme diýjegimem bilmedim. Hem onuň bilen gürleşesim gelýärdi…

ŞEMAL BILEN SÖHBET