Makalam Täzelikleri

Makalam täzelikleri

Pikirler Makalamda ulanyjylarymyzyň dürli temalar hakynda diskussiýa etmegi halaýanlygyny gördük, we muny has hem ýeňilleşdirmek maksady bilen size "Pikirleri" hödürleýäris. Pikirlerde ulanyjylarymyz özleriniň gysga pikirlerini paýlaşyp, maslahat ýa sorag sorap bilerler. Bu täzelik bilen makalamyň türkmenleriň arasynda sylanyşykly we gyzykly diskussiýalaryň platformasyna öwrülmegini umyt edýäris. Häzirki wagtda pikirler diňe agza bolup, e-poçta salgysyny tassyklan ulanyjylarymyz üçin elýetirlidir. Pikirler hakyndaky pikirleriňize sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Beýleki täzelikler Ýazyjylarymyza makala ýazýan wagtlary kömekçi bolmagy üçin, emeli aň kömekçisini…

Makalam 7 aýlyk

Makalam proýektine başlanymyzdan bäri eýýäm ýarym ýyldan gowyrak wagt geçdi we başlan wagtymyz köp ulanyjylarda herhili şübheler bolanam bolsa aktiw şekilde ulanylmaga dowam edilýär. Elbetde, makalam häzirem edil isleýän ýerimizde bolmasa-da ýuwaşlyk bilen ulanyjylaryň saýty ulanyşyndan öwrendigimizçe has hem gowulaşdyrmaga dowam edýäris. Saýt barada şu wagta çenli hiç hili statistika paýlaşmadyk ýöne indi elimizdäki data-lar has stabil ýagdaýa geleni üçin siz bilen şu aýa çenli bolan käbir gyzykly statistikalary paýlaşmak isledim. Ulanyjy statistikalary Makalamda şu…

Makalam 7 aýlyk