1 minut alar
ILIŇ KEMÇILIGINI GÖZLÄP, BIR ÝERE BARYP BOLMAZ!
Kemçilik Men baryp ýatan sada we sadalaryň aşygy. Sadalyk ýazgylarymyň zynaty. Entek menem sadalykdan zyýan çekmedim. Ýazýan zatlarymam sada we ýönekeý. Emma, ähli ajaýyplyklaram gözbaşyny ýönekeýlikden alýandyr. Eýran edebiýatynyň beýik şahyrlaryndan Sadi Şirazi 50 ýaşyndan soň çeperçilik işine başlap, 60 ýaşynda “Bossan we Gülüstan” atly ajaýyp eserini döredýär. Kitap diýseň ajaýyp we gyzykly. Kitapda berilýän mysallar sada we ýönekeý. Şahyr kitabyna şu setirler bilen başlaýar: “Biri, kakasyna garşy gelse, kakasy oňa dessine gaharlanar. Ýoldaşyna, dostuna…