1 minut alar
Şükranalyk
Şükür! «Ynsan nämä şükür etmeli?» Bu sowalyň manysyz bolup duýulmagy ahmal. Sebäbi sowalyň özi ýene bir sowaly biziň öňümizde keserdip goýýar: «Ynsan nämä şükür etmeli däl?». Şonuň üçin hem galyplaşan akymyň wekilleri meniň başky sowalymyň diňe bir manysyzlygyny däl-de, eýsem, küfür geplemeklige barabarlygyny ýanjap aýdaýanlarynda-da geň görjek däl. Elbetde, olaryň hem nygtaýşy ýaly ynsan hemme zada şükür etmelidir. Ýöne ynsan şükür etmek diýilýän zadyň kaýyllykdan büs-bütin tapawutly amaldygyny hem hergiz unutmaly däldir. Şükür etmek –…