2 minut alar
Çözgüdi barada pikirlenmeli meselämiz #2
Köp işleýänler, durman-säginmän zähmet çekýänler ýyllar boýy şöhratlandy. Özüne wagt aýyrmaýanlar töwereginden alkyş çöpleýän wagty, özüne hem-de ýakynlaryna wagtyny aýyrmagy başaranlar käte aç-açan käte uzakdan ýazgaryldylar. Köp işlemek düşünjesi güýçli derejede adamlaryň köpüsiniň aňyna ornaşdyryldy welin, duraýsak söýülmeris, makullanmarys, bizden razy bolmazlar ýa-da garyplaşarys diýip pikir etdik. Hemme ýere we hemmelere ýetişjek bolup özümize gijä galdyk. “Köp işlemeli” düşünjesiniň we onuň döredýän akyl ýolýulmalarynyň ýesiri bolanlaryň, durmuşyň syrlaryndan biri bolan "optimal deňagramlylyk" düşünjesi barada oýlanmaklary…