4 minut alar
Wagt nämeleri alar?
Ýene bir ýylyň soňuna ýetip gelýäs. Aslynda belkem bu makala edil doglan günümde ýazylaýmaly makalady, ýöne näme üçindir doglan günlerde adama oturup arkaýyn gynanmana berenoklar. Içinde agyr bir gussa daşyna daşyp bilmän hasam beter goýalyp çöküp gidiberýän ýaly. Sebäbi adamlar doglan günlerinde begenmäne zorlanýarlar. Ýene bir ýylyň geçip gidenine begenmäne... Şuwagt welin beýle zorluk ýok. Güýzem geçip barýar, gyş geldi diýibersegem bolar. Çaýyň bugaryp demini alyp durşy ýaly gussaň buguny çykaryp demlenip oturubermek üçin ýaman…