11 minut alar
Ar
AR (hekaýa) Onuň hereketleri adatdakysyndan has çalasyndy. Oňa nähilidir bir güýçler ornaşan ýaly, edýän hereketleriniň çaltdygyny bilse-de, mundanam beter güýçlülik görkezesi gelýärdi. Özüniň başarjaňdygyny öz öňünde subut edesi gelýärdi, sebäbi daş-töwerekde diňe bir ýany kert daglara degip gidýän asman bilen biri-birine boýuny deňleýän daglar bardy. Ol maşyndaky adam göwresini çykaryp, ýere taşlanda özüniň amatly ýeri tapyp-tapmandygy barada pikirlendi. Daş-töwerek şeýle imisalalyk bolup, ol birsalym näme etjegini bilmän ikirjiňlendi. Bu ýerleri edil jennetiň bir bölegi ýaly,…