3 minut alar
Damja 1 - Tümlük
Salam eziz diňleýiji ýa-da okyjy. Men damja. Ýöne siziň bilýän damjalaryňyzdan däl. “Damja bilen damjaň arasynda näme tapawut bolsun?” diýýän bolup bilersiňiz. Hawa şeýle seredeniňde kän bir tapawudam ýok ýaly. Ýöne men edil şuwagt siziň görüp eşdip biljek ýeriňizde däl. Men ummanyň müňlerçe metr aşagynda. Bäri şeýle bir çuň welin bärde hiçhili ýagtylygam ýok. Tümlügiň iň goýy gatlagynda gezip ýörün. “Eger hemme ýer tümlük bolsa, onda tümlükdedigiňi nirden bilýäň?” diýip bilersiňiz. Aslynda siziň aýdýanyňyz dogry,…